Awtomobil Pudagynyň Eksporty 5,3 Göterim Artdy

Awtomobil Pudagynyň Eksporty 5,3 Göterim Artdy

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň awtomobil pudagynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 5,3 göterim artyp 26 milliard 933 million 806 müň dollara barabar boldy.

Sentýabr aýynda pudagyň eksporty geçen ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 20,9 göterim artyp 3 milliard 406 million 665 müň dollara barabar boldy.

Awtomobil eksportunda Germaniýa 3,6 milliard dollar bilen birinji orny eýeledi.

Sanawda Germaniýadan soň 3,2 milliard dollar bilen Britaniýa ikinji, 3 milliard dollar bilen Fransiýa üçünji, 2,5 milliard dollar bilen İtaliýa dördünji we 1,8 milliard dollar bilen İspaniýa bäşinjy orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Dokma Senagatynyň Eksporty Artdy
Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy
Losos Eksporty 26 Göterim Artdy
Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär
Ýanwar Aýynda 20 Ýurda Bal Eksport Edi
Ýanwar Aýynda 532 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi
Şaý-sep Eksporty 6 Milliard Dollara Barabar Boldy