Awtoulag kompaniýasynyň “Jeep” welosipedi

Dünýäniň belli awtoulag kompaniýalarynyň biri bolan “Jeep” elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedi işläp taýýarlady.Bu ulag edil kompaniýanyň awtoulaglary ýaly, kyn ýol şertlerinde sürmäge niýetlenipdir.Golaýda kompaniýa “Compass”, “Renegade” we “Wrangler” awtoulag modelleriniň hem gibrid görnüşlilerini tanyşdyrypdy. Öndürýän harytlarynyň görnüşlerini has hem artdyrmak isleýän “Jeep”, adatça ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulaglary öndürýär.

Emma soňky döwürlerde ulagyň daşky gurşaw üçin zyýansyz görnüşi bolan welosipedlere bolan islegiň ýokarlanmagy, kompaniýanyň ýolbaşçylaryny biparh goýmandyr.Welosipede “QuietKat” şereketiniň hereketlendirijileri oturdylypdyr.Ulag bir gezekki zarýady bilen 65 kilometr ýol geçip bilýär.

Ulagyň täsirli duruzyjy ulgamy hem bar. “Jeep” kompaniýasy mundan ozal Günorta Afrikada elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleri satuwa çykarypdy. “Jeep E-Bike” atly welosipediň iýun aýynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada milliarderlere goşmaça salgyt giriziler
Nobel baýraklary ilkinji gezek gowşurylýar
10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenabatda “Amul-Hazar” rallisine bagyşlanan parad boldy (foto)
14.09.2019 | President of Turkmenistan congratulates construction workers, power engineers and public utilities workers on their professional holiday
“Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri