Awtoulagyň döredilen güni

Awtoulagyň döredilen güni

1886-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda nemes inženeri Karl Benz benzin ýangyjy bilen işleýän ilkinji awtoulagy işläp taýýarlaýar.Onuň işläp taýýarlan üç tigirli “Benz Patent Motorcar” (Patentli motoulag) atly ulagy şol döwürlerde durmuşa geçirilýän taslamalaryň arasynda iň gowy netije berýäni bolýar.

Tigirleri welosipediňkä meňzeş bolan bu ulag gündelik durmuşda ulanmaga amatly, nebitden alnan ýangyç bilen (benzin) işleýän ilkinji hereketlendirijili ulag hasaplanýar. Şol döwürler adatça işlenip taýýarlanan hereketlendirijiler at arabalaryna ýa-da welosipedlere oturdylyp, motoulag ýasalypdyr.

Ulaga patent alnandan gysga wagtdan soňra köpçülige görkezilýär hem-de önümçiligi ýola goýulýar.Benz soňky ýyllarda işläp taýýarlan motoryny we awtoulagy kämilleşdirmegini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi
Awtoulaglardaky gara reňkli detallara we goşmaça enjamlara gözegçilik güýçlendi
Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy
Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär