Awtoýoly awtoserwis we awtoýuwalga hyzmatlaryny hödürleýär

Awtoýoly awtoserwis we awtoýuwalga hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanda awtoulag hyzmatlary pudagynda müşderilere ýokary hilli hyzmatlary ýetirýän Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany ulaglaryň dürli ätiýaçlyk şaýlaryny, sürüjiler üçin zerur bolan awtoulag bejeriş hyzmatlaryny, şeýle-de awtoulaglary ýuwmak hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, hyzmatlar merkeziniň Aşgabat şäheriniň dürli ýerlerinde hem-de welaýatlarda hyzmat ediş we söwda dükanlary hereket edýär. Şol sanda Awtoýoly haryt nyşanly söwda dükanlarynyň Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky, has takygy Atatürk köçesiniň 82-nji salgysyndaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokadynda sürüjileriň ulag hyzmatyndan peýdalanmagy üçin köp sanly şertler üpjün edilendir.

Bu ýerde alyjylara ýetirilýän awtoulagyň düzüm bölekleri we olary dakyp bermek, çalyşmak ýaly işler bilen birlikde awtoulaglary ýuwmak hyzmatynyň hem ýokary hilde ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek.

Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükanynyň bu salgydaky bölüminde şu hili hyzmatlar müşderilere ýetirilýär:

Degişli salgyda ýerleşýän söwda dükanyndan müşderiler Varta, Ýigitakü, Rigel haryt nyşanly akkumulýatorlary, Mobil kompaniýasynyň ýokary hilli ýaglaryny, Fil Filter awtoulag süzgüçlerini, Westlake, Hankook, Apollo, Toyo hem-de Michelin ýaly dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan teker görnüşlerini saýlap alyp bilerler. Şunuň bilen birlikde, dükanda bu harytlaryň kepillikli möhlet bilen ýetirilýändigini hem nygtamak gerek.

Aşgabat şäheriniň Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady bilen +99312 46-91-02 telefon belgisi ýa-da awtoyoly.com.tm web saýty arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Awtoýoly sürüjilere köpdürli ätiýaçlyk şaýlaryny we awtoulag hyzmatlaryny ýetirýär
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri
Kerkide täze Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany açyldy
Awtoýoly müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär
Türkmenistanda Ýakyndar atly awtoulag şaýlaryny satýan täze onlaýn dükany açyldy