Awtoýoly awtoulaglaryň çyralaryny sazlamak hyzmatyny hödürleýär

Awtoýoly awtoulaglaryň çyralaryny sazlamak hyzmatyny hödürleýär

Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany müşderilere awtoulaglaryň bejeriş hyzmatlarynyň hatarynda öňki çyralaryň has göni hem-de sazlaşykly ýanmagyny üpjün edýän enjam arkaly, çyralary ýokary hilli sazlama hyzmatyny hödürleýär. Awtoulag hyzmatlar merkezi bu hyzmaty dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan, ýokary tehnologiýa eýe bolan Techno Balance Fabr optiki sazlaýjy enjamy arkaly ýerine ýetirýär.

Awtoulagyň öňki çyralarynyň ýagtylygy paýlaýşy dürli ýagdaýlara görä üýtgäp bilýär. Käbir ýagdaýda ol ýokarlygyna ýagtylyk berse, kähalatda şöhle aşaklygyna paýlanýar. Bu bolsa ulagy kadaly dolandyrmaga päsgel berip, sürüjiniň ünslüligine täsirini ýetirýär, has takygy ol ýagtylygyň düşýän ýeriniň üýtgemegi bilen öňüni has aýdyň görüp bilmeýär. Bu ýagdaýyň has oňaýly çözgüdini tapmak üçin bolsa awtoulag hyzmatlary serwislerine ýüz tutmak zerur bolýar.

Bu hyzmat Türkmenistanyň awtoulag hyzmatlary merkezleriniň hatarynda degişli ugurda köpýyllyk tejribesi bolan Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükany tarapyndan kepillikli ýerine ýetirilýär.

Awtoýoly awtohyzmatlar we söwda dükanlarynyň salgylary:

- Aşgabat ş.: - G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09 - Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16; - Berkarar söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady; - Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82; - Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19; - Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi, 54-nji jaý. +993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tormoz disklerini abatlamagyň howpsuzlygy kepillendirişi
Aşgabatda awtoulag çökdi: esasy köçeler petiklendi, şäher ulaglary ýolagçylaryň akymy bilen baş edip bilmeýärler
Aşgabatdaky Awtoýoly nyşanyny göterýän dükanlaryň dördüsi öz hyzmatlaryny hödürleýär
Şäher ulag duralgasyny paýtagtyň daşyndaky toplumdan yzyna köne ulag parkyna geçirdiler
Aşgabadyň polisiýasy "elitnyý" jaýlaryň görküne "zyýan ýetirýär" diýip, zibil dörýänleri wagtlaýyn tussag etdi
Xuping Jewelry dükany ýokary hilli bižuteriýalaryň köp dürli görnüşlerini müşderilere ýetirýär