Aýa taryhy gonuş golaýlaýar

Hindistanyň Aýyň günorta polýusyny öwrenmek maksady bilen işläp taýýarlan “Chandrayaan-3” atly kosmos gämisiniň şu gün Aşgabat wagty bilen 17:35-de Aýayň ýüzüne gonmagyna garaşylýar.Gonuş şowly tamamlanan ýagdaýynda Hindistan Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna kosmos enjamyny iberen ilkinji ýurt bolýar.

Hindistanyň Kosmos Barlaglary Guramasy (ISRO) Aýa gonuşyň göni ýaýlymda görkeziljekdigini, hemmäni, şol sanda mekdep okuwçylaryny hem oňa tomaşa etmäge çagyrdy.

14-nji iýulda uçurylan “Chandrayaan-3” atly kosmos enjamy emeli hemradan, gonuş platformasyndan we ýöreýän moduldan ybarat. Umumy agramy 3,9 tonna barabar bolan toplumdaky Aýyň ýüzünde hereket etmek üçin işlenip taýýarlanan modulyň agramy 27 kilograma golaý. Sanskitçeden terjime edilen paýhaslylyk diýmegi aňladýan “Pragyaan” atly modul Gün paneli bilen işleýär.

Bu missiýany esasy maksady geljekde Aýda hemişelik beketler gurlanda, adamlaryň ýaşamagyna şert döretmäge ýardam etjek buz gözlemekden ybarat.Birküç gün ozal Russiýanyň “Luna-25” atly kosmos enjamy hem Aýyň şol sebitine golaý ýere gonuşy amala aşyrmalydy.

Emma kosmos enjamynda ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli bu synanyşyk şowsuz tamamlanypdy.Mundan ozal 2008-nji ýylda Hindistanyň “Chandrayaan-1” atly taslamasy şowly tamamlanypdy.Emma 2019-njy ýyldaky “Chandrayaan-2” missiýasy netije bermändi.

Mundan ozal Sowet Soýuzy (1959 ý), ABŞ (1962 ý) Ýaponiýa (1993 ý), Ýewropa Kosmos Agentligi (2006 ý) we Hytaý (2013 ý) kosmos enjamlaryny Ýeriň hemrasyna gondurypdy. Ozalkylardan tapawutlylykda Hindistanyň kosmos enjamy Aýyň günorta polýusyna gondurylar. Ýokarda agzalan ýurtlaryň kosmos enjamlary Aýyň ekwatoryna ýakyn ýerlere gondurylypdy.

Ýene degişli makalalar

Rus kosmos gämisi Aýyň ýüzüne gaçdy
Hindistanyň kosmos gämisi Aýyň orbitasyna ýerleşdi
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer
Guýmagursak zehini ýatlap
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…