Aýaks gol baryny ýagdyrdy

Niderlandlaryň çempionatynda 6-njy tapgyrda sanawyň lideri Aýaks myhmançylykda Wenlo toparyndan taryhy hasap bilen üstün çykdy.Amsterdam şäheriniň wekili garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 13 gol girizdi.Gollaryň 5-sini (17, 32, 54, 65, 87) toparyň Burkino fasoly 19 ýaşyndaky hüjümçisi Lassina Traore öz adyna ýazdyrdy. 56-njy minutda bir oýunçysy (Kristian Kum) gyzyl kart alan Wenlonyň derwezesinden beýleki gollary Ekkelenkamp (13, 57), Tadiç (44), Entoni (55), Danni Blind (59), Huntelaar (74 p, 76) hem-de Martinez (78) geçirdi.

Gollaryň 4-si 54-59-njy, 3-si 74-78-nji minutlar aralygynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Bilermenler ýurdumyzyň gurak sebitleriniň durnukly ösüşi boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny seljerdiler
12 TOPAR 2-nji TAPGYRDA
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz
EUR0 2020-ä badalga berildi
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi