Aydym.com-yň Premium hyzmatyny birikdirip, hemişe aýdymda boluň!

Aydym.com-yň Premium hyzmatyny birikdirip, hemişe aýdymda boluň!

Aýdym diňlemegiň muşdaklarynyň ýörgünli portaly bolan Aydym.com täze hyzmatlary bilen ulanyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmagyny dowam edýär. Ulanyjysy 300 müňden geçen aýdym-saz portalynyň bu gezekki täzeligi — PREMIUM hyzmaty.

Indiden beýläk, Premium hyzmaty birikdirip, ulanyjylar islendik saýlan aýdymlaryny, pleý-listlerini we albomlary INTERNETSIZ, ýagny oflaýn görnüşde diňläp bilerler. Munuň üçin mobil programmanyň Telefona geçir funksiýasyndan peýdalanmaly. Ýüklenen aýdymlar, Pleý-listler, albomlar we klipler Baş sahypadaky Telefondaky aýdymlar bölümine düşýär. Emma Premium hyzmatynyň aýratynlyklary diňe munuň bilen çäklenmeýär.

Premium hyzmatyny birikdirip, şu artykmaçlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

PREMIUM hyzmaty nädip birikdirmeli?

Hyzmaty birikdirmek üçin Aydym.com mobil programmadan Premium belgijigine basmaly. Ondan soňra özüňe gerekli tarifi saýlamaly.

Birinji gezek ulanyjylar bu hyzmatdan 1 AÝLAP MUGT peýdalanyp bilerler. Soňra hyzmatdan peýdalanmagy dowam etmek üçin Altyn asyr bank kartlary arkaly onlaýn töleg etmeli. Häzirki wagtda Premium hyzmaty üçin uly arzanladyş hereket edýär.

Hyzmatyň 3 aýlygynyň bahasy 30 manat; 6 aýlyk 49 manat 12 aýlyk 89 manat.

Hyzmat birikdirilen ýagdaýynda Premium belgijigi ýaşyl bolup durýar.

Aydym.com-yň mobil görnüşini Google Play-dan: Aydym Play Market we App Store-den: Aydym App Store salgylardan ýükläp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: moderteam@aydym.com Web saýty: aydym.com IMO/Telegram: +99363 330799

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda Internetiň tizligi ymykly peseldi
Belet Film ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Döwlet hyzmatlar portalynda şahsy otaglardan peýdalanýanlar 50 müňe golaýlady
Türkmenpoçtanyň çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan töleg goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan goşundysy işe girizildi
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär