Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi

Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi

Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Şeýle dabaralaryň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.Dabaranyň başynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döreden Türkmen binasy aýdymy barada, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew Magtymguly operasy barada, Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew Magtymguly operasyndan Magtymgulynyň keşbini ýerine ýetirenligini, sahnadaky keşbi barada hem-de beýleki mugallymlar Magtymguly pyragunyň goşgularyna döredilen halk aýdymlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen Söwdigim, Näme sen, Aýa döndi, Delalat ýagşy, Uýat eýleýir, Armanym galdy ýaly ajaýyp aýdymlar ussat mugallymlar tarapyndan ýokary derejede ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözleri bilen jemlediler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Belentden ýaňlanan owazlar
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi
Türkmen Binasy atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert