“Aýdyň Gijeler” türkmen kompaniýasy Eswatinide önümçilik meýdançasyny açar

“Aýdyň Gijeler” türkmen kompaniýasy Eswatinide önümçilik meýdançasyny açar

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetine öz önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek üçin Eswatini Patyşalygynyň çäginde 4 gektar ýer bölünip berler. Degişli çözgüt 28-nji maýda Abu-Dabide Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen türkmen kompaniýasynyň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edildi. Bu barada “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Eswatini üçin 1,5 million sany milli şahsyýetnama kartlaryny hem-de 500 müňden gowrak biometrik pasportlary öndürmegi we ibermegi göz öňünde tutýan iri bilelikdäki taslamany amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara geldiler.

Patyşa Mswati III bu taslama döwlet tarapyndan goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu taslama Patyşalykda sanly identifikasiýa ulgamynda iň iri taslamalaryň biri bolar. Resminamalar Ýewropanyň Austrian Cards kompaniýasynyň ýokary derejede goralýan çip platformasynda öndüriler hem-de ICAO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kriptografik we biometrik tehnologiýalary ulanylar.

Gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda sanly identifikasiýa, resminama dolanyşygy, telekommunikasiýa, yşyklandyryş tehnologiýalary, ýol infrastrukturasy hem-de maglumat tehnologiýalary ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Iş saparynyň çäklerinde “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň wekiliýeti Eswatininiň daşary işler ministri, içeri işler ministri hem-de söwda we senagat ministri bilen hem aýratyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar taslamanyň tehniki görkezijilerini, önümleri ibermegiň tertibini hem-de şertnama-hukuk binýadyny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kompaniýada bellenilişi ýaly, “Aýdyň Gijeler” Türkmenistanyň hususy pudagyndan Eswatini Patyşalygy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan ilkinji kärhanadyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Aýdyň gijeler kompaniýasy Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilik we sanly infrastruktura ösüşi
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
“Altyn asyryň” nobatdaky ýeňşi