
1949-nji ýylda Mary welaýatynyň Sandykgaçy etrabynda doglan Agajuma Baýramow “Azatlyk” Radiýosyna birnäçe interwiýu berendigi üçin 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi we onuň iki ýylyny Owadandepede geçirdi.
Agajuma Baýramow öz aktiwligini 2000-nji ýyllarda görkezmäge başlap, Mejlise deputatlyga dalaşgär bolmaga synanyşdy.Ol munuň üçin birnäçe gezek ýerli häkimiýetlere ýüzlendi. Baýramowyň sözlerine görä, dalaşgärleri häkimiýetleriň bellemegi we soňra deputatlaryň diňe ýokardan iberilen kanunlary kabul etmekleri, halkyň durmuşuny ösdürmek üçin hiç zat etmeýändikleri onuň göwnünden turmaýar.
Soňky ýyllarda Agajuma Baýramow birnäçe gezek ýerli merkezi häkimiýetlere hatlar we beýanatlar ýollap, ýurtda kanunlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň bozulýandygy barada faktlary ýetirmäge çalyşdy.
Saýlawlary kanunlara we Baş kanuna laýyk geçirmegi talap etdi.
Häkimiýetler ähli ýüzlenmeleri äsgermezçilik etdiler, şol sebäpli Baýramow öz garaýyşlaryny hem pikirlerini halka we ýolbaşçylara ýetirmek üçin başga ýollary gözlemäge başlady.
Baýramow 2015-nji ýylda “Azatlyk” Radiosynyň habarçysy bolup işlän, meşhur jurnalist Soltan Açylowa bilen habarlaşdy.Ol ýurdyň syýasy durmuşynda dowam edýän meseleler, şol sanda, adam hukuklary barada gürrüň bermek isleýändigini habar berdi.
Açylowa şol döwürde radioda syýasy temadan gürrüň edilýän gepleşigiň ýokdygy bbilen jogap berdi we ol Baýramow bilen sosial meseleler barada gürrüň etmek kararyna geldiler. Şonuň bilen ilteşikli Baýramow birnäçe gezek Aşgabada geldi we Açylowa onuň bilen bary-ýogy iki-üç gezek interwiýu geçirdi.
Baýramow 2016-njy ýylyň iýunynda jurnaliste jaň edip,onuň bilen duşuşmak üçin birnäçe günden Aşgabada geljekdigini habar berýär. Emma, mundan soňra onuň bilen aragatnaşyk kesilýär we ol telefon jaňlara jogap bermeýär.
2022-nji ýylyň maýynda Agajuma Baýramow jurnalist Açylowa jaň edip, 6 ýyllap türmede oturandygyny gürrüň berdi. Türmede ýaşuly adamyň gynalmagy, urlup-ýenjilmegi we oňa gazaply ýüzlenmegi netijesinde gulaklary eşitmeýär.
Baýramow tussag edilmezden owal Serhetabad etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginde ýaşaýardy.Onuň sözlerine görä, jurnalist bilen duşuşmak üçin Aşgabada gitmezden bir gün öň onuň öýüne 3 sany näbelli kişi-iki zenan we bir erkek gelýär.
Olar hossarlaryny gözlemäge gelendiklerini, emma, tapmandyklaryny we myhman almaklaryny soraýarlar. Baýramow ýeke ýaşaýandygy we öýünde myhman ýokdygy üçin olary kabul edýär.Emma, gije ýarymynda zenanlaryň birisi gygyrypdyr we kömek sorapdyr. Soňra ol polisiýa arza ýazyp, hamana, Baýramowyň özüni zorlamaga synanyşandygy barada gürrüň beripdir.
Şol arza boýunça Baýramowy azatlykdan mahrum edipdirler. Kazyýetiň karary oňa berilmändir.
Agajuma Baýramow gulagynyň eşitmeýändigi bilen bagly meseleler sebäpli, beýleki jikme-jikler barada we Soltan Açylowanyň sowallaryna jogap berip bilmändirler.
Emma, ol gaty hassadygyny we kömek edilmegini sorapdyr.
“Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň Hronikasy” Agajuma Baýramow bilen ilteşikli ýagdaýlary yzarlamakçy.
The post “Azatlyk” Radiýosyna interwiýu berendigi üçin ýaşuly adamy Türkmenistanyň türmesinde 6 ýyllap gynadylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.