Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi

Azerbaýjan dron hüjüminden soň Eýrandaky diplomatik wekillerini ewakuasiýa etdi

Azerbaýjan Eýran tarapyndan ýurduna guralan dron hüjüminden bir gün soň Tährandaky ilçihanasynyň we Töwrizdäki Baş konsullygynyň işgärleriniň ewakuasiýa edilmegi barada karar kabul etdi.

Azerbaýjanyn Azertaj habarlar gullugy, Eýranyň bu hüjümleri ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan bilelikdäki hüjümlerine dagişli gaýtawuly görkezmek maksady bilen gurandygyny habar berdi.

Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, anna güni metbugata beren beýannamasynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleriň görlendigini we sebitara dartgynlyk sebäpli ýaragly güýçleriň iň ýokary taýarlyk derejesine getirlendigini aýtdy.

Jeýhun Baýramow Azerbaýjanyň Aýlag ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalaryna müň adamyň ýüz tutandygyny we ýüz tutmalaryň esasan Birleşen Arap Emirliklerine, Saud Arabystanyna we Kuweýde giden Azerbaýjanyň raýatlaryndan gelendigini ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni Eýrandan atylan dronlardan biriniň Nahiçewanyň halkara howa menzini nyşana alandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda başga bir dron bolsa Şakarabad obasynda bir mekdebiň binasynyň golaýyna düşdi.

Hüjümler Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümleriniň dowam edýän döwründe guraldy.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý we ýokary çinli harbylar bilen birlikde müňden gowrak adam ýogaldy.

Eýran bolsa Ysraýyly we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän birnäçe ýurda dron we raketa hüjümlerini guramak bilen ar alýar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran Mojtaba Hameneýiň ýokary liderlige saýlanmagyndan soň, Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna zarba urdy
Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady
Azerbaýjan we Eýran Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň artmagyna aladalaryny bildirdiler
Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerinde azyndan 16 adam ýogaldy
Pezeşkiýan Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen söweşiň bes edilmegi barada pikir alyşdy