Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyklar dowam edýär

Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyklar dowam edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi serhet zolagynda Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esgeriň şehit bolandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň meçew bermeleri netijesinde Azerbaýjanyň goşunyndan Muhammet Garaýew atly esgeriň şehit bolandygy mälim edildi.

Beýanatda operasiýa şertleriniň Azerbaýjanyň goşunynyň gözegçiligi astyndadygy aýan edildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen başga bir beýanatda bolsa Ermenistan güýçlerine degişli kamikaze uçarmansyz howa ulaglarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde eýýäm 3 gün bäri çaknyşyklar we dartgynlyklar dowam edýär.

10-njy maýda Zod sebiti ugrunda Ermenistanyň harby liniýalaryndan Azerbaýjanyň goşunynyň harby liniýalaryna garşy od açylmaga başlandy. Hüjümleriň netijesinde Azerbaýjanyň goşunyndan 1 esger şehit boldy, 1 esger agyr ýagdaýda ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Garşy 121 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
PKK-a agza ýene-de iki terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär