Azerbaýjan Fransiýanyň Daşary işler ministriniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Azerbaýjan Fransiýanyň Daşary işler ministriniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

X hasabyndan beýanat beren Aýhan Hajyzade, Ketrin Kolonnanyň Ermenistan Garabag bilen baglanşykly beýan eden "Galp gabaw" we "Mejbury göçüriş" sözleriniň parahatçylyga hyzmat etmeýändigini beýan etdi.

Aýhan Hajyzade: "Kolonnanyň "Fransiýa hemişe Ermenistanyň ýanyndadyr görnüşindäki beýanaty, dogruçyl we bitarap araçydygyny öňe sürýän Fransiýanyň maskasyny ýere gaçyrdy" diýip belledi.

Kolonna Ermenistanyň paýtagty Ýeriwana guran saparynda Garabagda başdan geçirilen wakalar sebäpli Azerbaýjany günäkärläpdi.

Beýleki tarapdan bolsa Fransiýanyň Daşary işler ministri Kolonna Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Ýeriwanda geçiren metbugat ýygnagynda, ýurdunyň Ermenistana goranmak maksady bilen harby enjam ugratmak üçin ylalaşyk resminamalaryna gol çekmegi kabul edendigini mälim etdi.

Fransiýanyň Ermenistana berýän goldawynyň dowam etjekdigini aýdan fransuz ministr ýurdunyň Ermenistanyň territorial bütewiligi meselesinde hüşgär boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Tejende mekdep okuwcylary sapaga derek reklama diňlemäge mejbur edildi
ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky söwda merkezleriniň birinde ýaragly çaknyşyk boldy
ABŞ-nyň Korolado ştatyndaky söwda merkezleriniň birinde ýaragly çaknyşyk boldy
Gadymy dünýäniň fabrik şäheri: Laodikeýa
Blinken Ýewropaly Kärdeşleri Bilen Pikir Alyşdy