Azerbaýjan Fransiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Azerbaýjan Fransiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aýhan Hajyzade, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Azerbaýjanyň topragynyň çäklerindäki Laçyn koridory barasynda ynsanperwer koridor sözüni ulanmagyna reaksiýa bildirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aýhan Hajyzade, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Ilçiler konferensiýasynda aýdyp geçen Azerbaýjana garşy beýannamalary barada ýazmaça jogap berdi.

Aýhan Hajyzade: "Takmynan 30 ýyl Ermenistan tarapyndan Azerbaýjana garşy amala aşyrylan basyp alyşlyklary we hüjümleri ýazgarmaýan, basyp alyşlygyň netijesinde takmynan 1 million bosgun we ýerlerinden göçürilen adamyň ynsanperwer ýagdaýlary barada hiç hili beýannama bermeýän Fransiýanyň indi bolsa Azerbaýjanyň BMG-nyň düzgünlerine we halkara hukugyň düzgün-kadalaryna we ýörelgelerine laýyk ýagdaýda öz topraklaryny basyp alyşlykdan azat etmegi bilen netijelenen 44 günlük Watan ugrundaky söweşini ýazgarmagy, şol bir wagtda Makronyň beýannamasynda sebitde ynsanperwer ýagdaý bilen baglanşykly öňe sürmeleri aýdyp geçmegi düşnüksizdir" diýip belledi.

Aýhan Hajyzade Makronyň Azerbaýjanyň topraklarynyň çägindäki Laçyn koridory barada ynsanperwer koridor sözlerini ulanmagyna reaksiýa bildirip: "Fransiýanyň Prezidentiniň beýanatynda Laçyn ynsanperwer koridor ýaly sözlerini ulanmagy we basyş dili bilen beýanat bermegi kabul edilmesizdir. Bu Azerbaýjanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna hormatsyzlykdyr" diýip nygtady.

Azerbaýjanyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde tutanýerlidigini aýdan Hajyzade: "Şol tapgyra päsgel berýän ähli görnüşli daşarky çäreleriň tutanýerlilik bilen öňi alynar" diýip habar berildi.

Makron hepdäniň içinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyk geçirjekdigini we oňşuksyzlygyň çözüwi üçin täze diplomatik başlangyçlary teklip etjekdigini belläpdi.

Makron mundan başgada Azerbaýjana garşy basyşy artdyrmak üçin halkara ugurda täze bir diplomatik başlangyçlar etjekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy