Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi

Azerbaýjan onlarça ýyl dowam eden uruşdan soň Ermenistana ilkinji gezek ýangyç iberdi

Azerbaýjan döwlet nebit kärhanasy SOCAR-yň Ermenistana 1220 metrik tonna benzin iberendigini yglan etdi. Bu waka iki ýurduň köp ýyllyk uruşdan soň gatnaşyklaryny kem-kemden gowulaşdyrmagy bilen 30 ýylyň dowamynda ilkinji gezek eksport edilen benzindir.

Azerbaýjanyň hökümeti penşenbe güni benziniň paýtagt Bakudan Gruziýanyň serhedine golaý ýerleşýän Boýuk-Kesik otly arkaly daşalandygyny we şol ýerden bolsa Gruziýanyň territoriýasyndan geçip Ermenistana gowşuryljakdygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň orunbasary we daşary syýasat boýunça jogapkär resmisi Hikmet Hajyýew bu eksportyň geçen aý iki Günorta Kawkaz ýurdunyň premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek tagallalarynyň çäginde geçirilen gepleşiklerde ylalaşylandygyny aýtdy.

Azerbaýjan bilen Ermenistan halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen Daglyk Garabagyň 1990-njy ýyllarda ermeni tarapdar ýaragly toparlar tarapyndan basylyp alynmagyndan soň takmynan 30 ýylyň dowamynda çaknyşdy. Azerbaýjan 2023-nji ýylda sebitiň gözegçiligini gaýtadan öz eline aldy, şondan soň iki tarap parahatçylyk gepleşiklerine başlady.

Azerbaýjan şu ýylyň başynda 1997-nji ýyldan bäri Ermenistana ýapyk saklan territoriýalaryny gaýtadan açdy.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Vitol we SOCAR kompaniýalary türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdylar
Witol bilen SOCAR 1 million tonna türkmen nebitini daşamak boýunça ylalaşdy
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021 ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar