Azerbaýjan Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwalda Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eseri bilen çykyş eder

Azerbaýjan Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwalda Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eseri bilen çykyş eder

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwal geçiriler. Bu festiwala Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa Döwlet sazly-drama teatrynyň halkara festiwalyň çäginde Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna oýny bilen çykyş eder.

Azerbaýjanly teatr ussatlarynyň sahna eseri 15-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda görkeziler. Oýun sagat 12:00-da başlanar.

Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna oýny barada belläp geçsek, sahna eserinde tomaşaça dürli ynsan ykballarynyň üçüsi hem-de şowuna bolmadyk söýgi wakalarynyň üçüsi barada gürrüň berilýär.

Bir tarapdan Gasanzadeniň şatlygyny we hasratlaryny deň paýlaşan, hatyrasyny tutan we biwagt ýitiren aýalyna bolan puşmansyz söýgüsi.Beýleki tarapdan, Nazakatyň uruşda ýitiren adamsyna bolan söýgüsi, emma ikinji äri Farajdan gorkusyndan ýaňa oňa aňladyp bilmedik söýgüsi.

Ahyrynda-da, Nargilanyň Gasanzade bolan tükeniksiz we jogapsyz söýgüsi.Pýesadan tapawutlylykda spektaklda jemi 4 adam çykyş edip, ol liriki-psihologiýa stilinde ýerine ýetirilen häzirkizaman sahna arkaly tomaşa ýetirilýär.

Sahna eseriniň gahrymanlary Gasanzade, Nargila, Nazakat we Faraj.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanly artistler Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eserini görkezdiler
Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
Wodorod energiýasy özleşdirilýär
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy