Azerbaýjan Ýewropa Parlamenti bilen edýän hyzmatdaşlygyny bes etdi

Azerbaýjan Ýewropa Parlamenti bilen edýän hyzmatdaşlygyny bes etdi

Azerbaýjanyň Parlamenti, Ýewropa Parlamentini Azerbaýjana töhmet atmakda we garalama kampaniýasyny alyp barmakda günäkärledi.

Azerbaýjanyň Parlamenti, Ýewropa Parlamenti bilen edilýän özara hyzmatdaşlygyň bes edilmegi barada karar kabul etdi.

Azerbaýjanyň döwlet habarlar gullugy Azertacyň anna güni Milli Mejlis tarapyndan kabul edilen karara esaslanýan habaryna görä, ýurduň parlamenti daşary ýurtlar parlamentler we parlamentarlar bilen edilýän gatnaşyklarda “parahatçylyga, howpsuzlyga we galkynyşa uly ähmiýet berýär”diýildi.

Kararda “Gynansakda Ýewropa Parlamentiniň ýokardaky kadalara bap gelmeýän tutumy, özara gatnaşyklary we köp taraply hyzmatdaşlygy bökdeýär” diýildi.

Kararda Ýewropa Parlamenti bilen hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen döredilen ÝB-Azerbaýjan Parlamentar hyzmatdaşlyk komiteti we EuroNest Parlamentar Assambleýasy ýaly platformalaryň “ýurdumyzyň içerki işlerine basyş edýän ulagyna” öwrülendigi nygtaldy.

Milli Mejlisiň 2015-nji ýylda Ýewropa Parlamenti bilen ähli gatnaşyklaryny bes edendigine garamazdan Ýewropanyň beren çagyryşyna we wadalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygy gaýtadan başladandygy bellenildi.

Kararda emma muna garamazdan Ýewropa Parlamentiniň wadasynda durmandygy, Azerbaýjana garşy syýasat alyp barandygy we töhmet atandygy ýatladyldy.

Kararda şeýle hem Ýewropa Parlamenti, Azerbaýjan-ÝB gatnaşyklarynyň ösmegini bökdemekde, Günorta Kawkazda yzygiderli pragatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna garşy durmakda günäkärlendi.

Azerbaýjan günüň dowamynda ÝB-niň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Ýewropa Parlamentiniň bir gün ozal kabul eden karary sebäpli ilçä protest notasy berildi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan we Eýran Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň artmagyna aladalaryny bildirdiler
Aşgabadyň sebitleýin durnuklylygy berkitmekdäki ornuna ýokary baha berildi
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy?
Aliýew ÝB-ni Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk etabyny bökdemekde günäkärledi
Kaşkaý Türkçesi