Azerbaýjanda gaçgak tussagly polisiýa işgärleri bilen ýaragly çaknyşyga girdi

Azerbaýjanda gaçgak tussagly polisiýa işgärleri bilen ýaragly çaknyşyga girdi

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, ýurduň paýtagty Baku şäheriniň Şüweýlan şäherçesinde ozal ençeme gezek tussaglykda saklanan we soňky wagtlar hem gözlegde bolan Röwşen Allahwerdiýewiň (38) özüni göz tussaglygyna almak isleýän polisiýa işgärlerine garşylyk görkezendigi mälim edildi.

Öz maşgala agzalaryny galkan hökmünde ulanyp gaçmaga synanyşan Röwşen Allahwerdiýewiň polisiýa işgärlerine aw tüpeňi bilen ot açandygy bellenen beýanatda, ýaragly çaknyşygyň netjesinde polisiýa gullugynyň 3 işgäri bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy aýan edildi.

Beýanatda Röwşen Allahwerdiýewiň polisiýa işgärleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly barada resminama bermeýändigini aýdýar
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy
Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Türkmenistanly ýene bir aktiwiste Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar