AZERBAÝJANDA MAGTYMGULY PYRAGA BAGYŞLANAN TÄZE TÜRKMEN FILMI SURATA DÜŞÜRILER

AZERBAÝJANDA MAGTYMGULY PYRAGA BAGYŞLANAN TÄZE TÜRKMEN FILMI SURATA DÜŞÜRILER

Türkmen kinorežissýorlary akyldar, şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlanan täze ylmy-dokumental filmi surata düşürmäge taýýarlanýarlar. Şu mynasybetli awgust aýynyň ahyrynda Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň döredijilik topary Azerbaýjana giderler.

Režissýor Sahysalyh Baýramowyň aýtmagyna görä, filmiň önümçilik işleri 30-njy awgustdan 5-nji sentýabra çenli Azerbaýjanda alnyp barylar.

Bu döwürde režissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygynda alypbaryjy Annadurdy Täşliýew täze ylmy dokumental film üçin Azerbaýjan Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň mugallymlary we işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirer.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan film ýurduň dürli sebitlerinde surata düşüriler.

Ýene degişli makalalar

Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal barada dokumental film taýýarlanylýar
Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Azerbaýjanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Bakuda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi