Azerbaýjanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 1 Adam Ýogaldy

Azerbaýjanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 1 Adam Ýogaldy

Azerbaýjanda, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Hojawend welaýatynda minanyň ýarylmagy sebäpli asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 1 adam hem ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Hojawend welaýatynda iki ulagyň mina kakandygy nygtaldy.

Beýannamada, minanyň ýarylmagy sebäpli ulagyň sürüjilerinden biriniň ýogalandygy, beýleki sürüjiniň bolsa ýaralanandygy ýatladyldy.

Azerbaýjanda Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen ýerlerde ermeni güýçleri tarapyndan goýlan ýüz müňlerçe minanyň bardygy nygtalýar.

II Garabag söweşinden 2020-njy ýylyň 10-njy noýabryndan bäri azerbaýjanly 65 adam minanyň ýarylmagy sebäpli ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

2020-nji Ýylda Gutaran Garbag Urşundan Bäri Minalar Sebäpli 68 Azerbaýjan Raýaty Pida Boldy
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bold
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi