Azerbaýjanda TDG-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

Azerbaýjanda TDG-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde şu ýylyň iýul aýynda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler.

“Geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gurban baýramy mynasybetli ugradan gutlag hatynda belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Kubanyçbek Omuraliýew bu sammitiň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we olaryň geljege bolan umumy garaýyşlaryny has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

TDG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlady we oňa rowaçlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan, Wengriýa we Demirgazyk Kipr bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy
Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň netijeleri yglan edildi
ABŞ-nyň Dini azatlyklar komissiýasy: Türkmenistan dini azatlygy bozmagyny dowam etdirýär
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler
Fidan Lawrow we Parrilla Bilen Duşuşdy
Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Gyrgyzystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi