Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi

Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 11-14-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi.

Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde Haly Türki dünýäsiniň simwoly atly Türki dünýäsiniň muzeýler birleşiginiň II maslahaty geçirildi.Maslahatda Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Gagauziýa (Moldowa) 30-dan gowrak hünärmen çykyş etdi.

Oňa türk döwletleriniň muzeýleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, TÜRKSOÝ guramasynyň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň agzasy gatnaşdylar. Şeýle-de Milli haly muzeýinde Gazagystan Respublikasynyň merkezi Döwlet muzeýi tarapyndan Nagyşlarda siňdirilen gözellik atly serginiň açylyş dabarasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar sergi bilen bir hatarda Milli haly muzeýiniň ekspozisiýalaryna hem-de gaznalaryna aýlanyp gördüler.

Soňra Baku şäheriniň çäginde ýerleşýän Içki şäher ýa-da Köne şäher ady bilen belli bolan ýadygärlikler toplumyna aýlanyp görüldi. 13-nji oktýabrda Şuşa şäherine Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi.

Forumdan soňra Türki dünýäsiniň muzeýlerinden gelen wekiliýetiň duşuşygy boldy.Bu duşuşykda Türki döwletleriň muzeýler birleşigine 2023-nji ýyl üçin ýolbaşçy bolan Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň direktory Şirin Mälikowa bir ýylda alnyp barylan işleriň jemleri barada çykyş etdi.

Soňra TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň baş koоrdinatory Jawid Möwsümli çykyş etdi we geljek ýylda Türki döwletleriň medeni paýtagtynyň Änew şäheri bolýandygyny göz öňünde tutup, Türki döwletleriň muzeýler birleşigine 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewi ýolbaşçy edilip bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar Türki dünýäsiniň Muzeýler birleşiginiň alyp barýan işi baý türki medeniýetiň we muzeý işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigini belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
Milli Ak bugdaý muzeýinde halkara ylmy maslahat geçirildi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
ÄNEW ŞÄHERINIŇ 2024-NJI ÝYLDA “TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY” DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILJEK ÇÄRELERE BADALGA BERMEK DABARASYNA GATNAŞYJYLARA
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi