Azerbaýjanda Žan-Klod Wan Dammyň ýadygärligi söküldi

Azerbaýjanda Žan-Klod Wan Dammyň ýadygärligi söküldi

Golliwudyň aktýory Žan-Klod Wan Dammyň hormatyna Azerbaýjanyň Gabaly etrabynyň Wandam obasyndaky dikilen ýadygärlik söküldi. Ol 2019-njy ýylda meşhur heýkeltaraş Azad Aliýew tarapyndan oturdylypdy. Onda geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň uruşganly filmleriniň ýyldyzy çatalgany gerip oturan rowaýaty görnüşde şekillendirilipdi.

Žurnalistleriň ýazmagyna görä, 2024-nji ýylda Respublika derejesinde wajyp bolan täze awtoulag ýoluny gurmaga päsgel berýändigi üçin heýkeli sökmek kararyna gelindi. Häzirki wagtda ýerli ýolbaşçylar Goliwudyň aktýorynyň ýadygärligini nirä göçürip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşýarlar diýip, Axar.az neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar
BBC: ylham berýän 100 zenan
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Fransiýadaky saýlawda garaşylmadyk netije
Fransiýada hökümet başlygy işinden gider
Milli Howpsuzlyk Gullugy möhüm operasiýa geçirdi