Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan 3 ermeni futbolçy tussag edildi

Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan 3 ermeni futbolçy tussag edildi

Garabagda Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan ermeni 3 futbolçynyň her biri 10 gün azatlykdan mahrum edildi.

Azerbaýjanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, 2021-nji ýylda kazyýet işi gozgalan we gaýybana tussag etmek barada karar kabul edilen Ermenistanyň raýatlary Alen Sarkisýanyň (22), Wahe Howsepýanyň (20) we Lewon Grigirýanyň (20) Garabagdan Ermenistana geçmek islän mahallary Laçyn serhet gözegçilik nokadynda göz tussaglygyna alynandyklary habar berildi.

Beýanatda ady agzalan 3 adamyň geçirilen sorag-jogap işlerinde günälerini kabul edendikleri, puşmandyklaryny aýdandyklary we mundan soň bular ýaly görnüşli hereketleri ýerine ýetirmejekdikleri barada söz berendikleri mälim edildi.

Beren beýanatlary göz öňünde tutulyp, jenaýat jogapkärçilikleriniň bes edilendigi bellenen beýanatda, ady agzalan 3 adamyň Administratiw hukuk bozulmalary kanunynyň "Gadagan edilen maglumatlary internetde ýaýratmak" maddasynyň çäginde kazyýetiň öňüne çykandyklary we kazyýet diňlenşiniň netijesinde 10 gün azatlykdan mahrum edilendikleri habar berildi.

Ady agzalan 3 raýatyň jezalary tamamlananyndan soň Azerbaýjanyň territoriýasynyň çäklerinden çykmaklaryna rugsat beriljekdigi aýan edildi.

Garabagdaky futbol klublarynyň biriniň futbolçylary Azerbaýjanyň baýdagyny basgylandyklary baradaky wideo materiallar 2021-nji ýylda internediň üsti bilen paýlaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Garabagyň hekaýaty
Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"
BMG-nyň Resmi Wekiliýeti Garabagda…
II Garabag Söweşiniň Şehitleri Uly Hormat Bilen Hatyralandy
BMG-niň Wekiliýeti Garabaga Saparda Boldy
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär