Aziada 90 gün galdy. Şöhrat halkyň abadançylygyndan möhüm bolanda

Kira Kramer

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.Uglewodorod serişdeleriniň bahalayrnyň peselmegi hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başarnyksyz dolandyryşy zerarly ýurduň soňky iki ýylda krizise düşendigine garamazdan, Türkmenistan bu oýunlary geçirmekçi bolýar. “Türkmenistanyň Hronikasy” Oýyunlara üç aý galanda döwletiň we onuň ýaşaýjylarynyň 10 günlük şöhrat ýarmarkasy üçin näçe töleg tölemeli bolandygyny anyklady.

Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary her iki ýyldan bir gezek aziýa ýurtlarynyň atletleriniň arasynda Aziýanyň Olipiýa geňeşiniň ýolbaşçylygy astyna geçirilýän ýaryş.Bu Oýunlar ilkinji gezek 2005-nji ýylda Bangkokda (Taýland) geçirildi.

Soňra bu oýunlara Makao (KHR), Hanoý (Wetnam) beýemçilik etdi.IV Oýunlar 2011-nji ýylda Dohada geçirilmeli edildi, emma Kataryň Milli komiteti öňden çaklanylmadyk kynçylyklar zerarly Oýunlary özünde geçirip bilmejegini aýtdy.

Oýunlary kabul etmäge isleg bildirýän başga ýurt bolmady we Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň 2009-njy ýyldan soň geçirilmezligi, ýagny bu oýnuň soňky ýaryş bolmagy barada karar kabul etdi.

Netijede, ýapyk binalardaky Aziýa oýunlaryny we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny birleşdirmek kararyna gelindi, bu oýunlar indi dört ýyldan bir gezek geçirilmelidi.Täze formatdaky ilkinji Oýunlar 2013-nji ýylda, Inçhonda (Koreýa respublikasy) boldy we oňa 2014-njy ýylda geçirilmeli Aziýa oýunlarynyň synagy hökmünde seredildi.

Aşgabat V Oýunlary özünde geçirmek hukugyna 2010-njy ýylyň dekabrynda eýe boldy. 2017-nji ýylyň 1727-nji sentýabry aralygynda 62 ýurduň, şol sanda ilkinji gezek Okeaniýanyň sportsmenleri türkmen paýtagtynda sportyň 21 görnüşi boýunça özara bäsleşerler. Şu günki günde Oýunlara gatnaşmakdan diňe Awstraliýa ýüz öwürdi, sebäbi bu ýurduň sportsmenleri öz türgenleşik planlaryny 2018-nji ýylda geçiriljek Arkalaşyk oýunlaryna taýýarlanmaga niýetläp düzüpdirler.

Ýapyk binalardaky Oýunlardan başga Aziýa oýunlarynyň we Gyşky Aziýa oýunlarynyň (olary hem gysgaldyp, “Aziada” atlandyrýarlar) hem bardygyny bellemek gerek. Bu oýunlar hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylygynda, dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Şeýle-de Güzer Aziýa oýunlary we regional oýunlar bar. Mysal üçin, Gyrgyzystan 2014-nji we 2016-njy ýyllarda özünde Bütindünýä çarwa oýunlaryny gurnady.

Azidalaryň bahasy

Hatda regional derejedäki oýunlary geçirmek hem örän gymmat çäre. Türkmen gaznasyna bar zatdan beter 2010-njy ýylda gurulmaga başlanan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy gymmat düşdi. Onuň bahasy $5 milliard boldy.

Şäherçäniň birnäçe stadionyndan we sport arenalaryndan başga, onuň düzümine sportsmenlere niýetlenen 12 müň orunly ýaşaýyş jaý korpuslary, 450 we 800 orunly, sport emeldarlaryna we metbugat işgärlerine niýetelenen bäş ýyldyzly iki otel, kinoteatrly, muzeýli, kitaphanaly, bilýard we hatda saz studiýaly güýmenje merkezi hem girýär. Bu binalary monorels bir-birine birleşdirýär.

Ýene bir uly çykdajy bolsa, gytaklaýyn hem bolsa, 2013-nji ýylda Aşgabatda gurluşygyna başlanan Oguzhan adyndaky täze aeroport, emeldarlaryň hasaplamalaryna görä, bu desga ýylda 15 million ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe.

Onuň bahasy $2,23 milliarddan gowrak.Bu aeroport 2016-njy ýylyň sentýabdrynda açylyp, ulanmaga berildi, ýöne eýýäm 2017-nji ýylyň ýanwarynda täze binanyň çöküp başlandygy baradaky habarlar ýaýrady, desganyň birnäçe aýnasy çat açdy we aragatnaşyk ulgamy sandan çykyp başlady.

Aeroporty Aziada üçin däl, eýsem Aziada gabatlap gurmaklary onuň gurluşygynyň ozalky, bary-ýogy 20 ýyl “gulluk eden”, dogrusy, Saparmyrat Nyýazowyň adyny göteren uçar menziliniňkä çalymdaş häsiýetnamalarynyň bolandygyndan habar berýär.

Belki-de, täze howa menziliniň gurulmagynyň esasy sebäbi at çalyşmak bilen bagly bolandyr.Sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji prezident ölen gününden bäri öz mirasdarynyň mirasyndan we şahsyýet kultundan ýuwaş-ýuwaşdan dynmaga çalyşýar.

Ýene bir $120 million Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gider. Bu dabaralary Italiýanyň “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy gurnar. Bu kompaniýa mundan ozal Turin-2006, London-2012, Soçi-2014 we Rio-2016 tomusky we gyşky Olipiýa oýunlarynyň dabaraly çäreleriniň gurnalmagyna we geçirilmegine gatnaşypdy.

Onlarça müň dollar Aziadanyň myhmanlaryna hyzmat etjek awtrobuslary satyn almaga, sowgatlyk önümleri öndürmäge harçlandy.Mart aýynda $200 müňe durýan sowgatlyk suwenir ýok edildi, olar prezidentiň fewral aýynda tassyklan nusgalary esasynda taýýarlanypdy, emma bir aýdan soň döwlet baştutany olary tankyt etdi we üýtgetmegi buýurdy. Şeýle-de, harç edilen pullaryň bir bölegi ýurduň baş stadionynyň üstünden gurlan at ýadygärliginiň boýnundanky täze “alaja” gitdi.

Sebäbi onuňam könesi prezidentiň tankydyndan soň sökülmeli edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan eýýäm Aziada $5 milliarddan gowrak serişde harçlady. Eger bu serişdäni beýleki ýurtlaryň hatda regional Aziadalaryna däl, seýsem bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna harçlan seişdeleri bilen deňeşdirseň, onda Türkmenistandan başga Olimpýada geçirmäge diňe Russiýa $50 milliarddan gowrak, Angliýa $14,8 milliard, Ispaniýa $11,4 milliard we Hytaý $5,5 kän pul harçlady.

Eger bu pullaryň üstüne Aşgabatda täze gurlan aeroporta harçlanan serişdäni hem goşsaň, Türkmenistan Hytaýdan ozup geçer we hormatly dördünji orny eýelär.

Bu çykdajylaryň maksada laýyklygy sorag döredýär. “Gündogary” neşiriniň maglumatyna görä, Aşgabatda gurlan aeroportyň bahasy Soçide gurlan täze aeroportyň bahasyndan üç esse ýokary bolsa, Astanadaky halkara aeroportyny gaýtadan gurmakdan ýedi esse gymmat düşdi.

Onuň hakyky ýolagçy goýbermek mümkinçiligi barada gürrüň edilende, köne aeroport öz işlän 20 ýylynyň dowamynda hem öz üstünden hiç wagt 2 milliondan artyk adam geçirmedi.Türkmenistandaky ýolagçy akymy, diňe wizaly baryp bolýan ýurt bolansoň, şu güne çenli hem köpelmän galdy we şu günde täze aeroportyň uly iş mümkinçiligi boş dur. Ýatladýarys, bu aeroport ýylda 15 million ýolgaçy goýbermäge niýetlenip guruldy.

Şähärçe barada aýdylanda, häkimiýetler onda Aziadadan soň hem dürli sport çäreleriniň geçiriljekdigine ynandyrmaga çalyşdylar. Döwlet baştutanynyň söýgüli sport çäresi bolan “sagdynlyk aýy” çäreleriniň oňa harçlanan serişdeleri ödemäge kömek etjegi gümana, ýöne bu binalary saklamak üçin hem harajat çykarmaly bolar. Şeýlelikde, Şäherçä hyzmat etmek üçin 1300 adam gerek bolar we olara aýlyk tölemek hem gerek.

Oýunlar üçin puly nädip topladylar?

Aziada Türkmenistan üçin gowy ýylda ýa wagtda geçirilmeýär. 2015-nji ýylda energiýa bahalary türkmen gaznasynyň esasy girdeji çeşmesiniň dünýä nyrhlary kesgin aşak gaçdy.Soňra Russiýa we Eýran türkmen tebigy gazyny satyn almagyny bes etdi we Aşgabadyň ýeke-täk eksportçysy Hytaý bolup galdy.

Bu ýagdaý Türkmenistanda 2016-njy ýylda başlanan azyk krizisi, ilkinji zerurlyk bolan azyk önümleriniň ýetmezçiliginiň emele gelmegi bilen has-da çylşyrymlaşdy.

“Türkmenistanyň ykdysadyýeti soňky bir ýarym ýylda energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy zerarly düýpli zyýan çekýär. Şu sebäpden, ähli eksportçy ýurtlarda bolşy ýaly, çylşyrymly ýagdaýlar döreýär.Ikinji tarapdan, ykdysadyýetiň öz gurluşy, onuň diwersifikasiýa ediliş derejesi Türkmenistana ýokary dereejeli çykdajylar syýasatyny alyp barmaga ýol bermeýär. Şu ýerden hem Aziada-17-niň gurluşyklaryny gurmak babatynda çynlakaý problemalar döredi” diýip, ykdysady ylymlaryň tanymal doktoary, RYA-nyň Ykdysadyýet institutynyň öňdebaryjy işgäri Aza Migranýan aýdýar.

Emma, Kataryň edişi ýaly, Aşgabat Oýunlary geçirmekden ýüz öwrüp bilmeýär. Ýurduň agitasiýa maşyny Türkmenistanyň baý döwletdigi baradaky at-abraýyny dörermek ugrundsa dynuwsyz işleýär. Oýunlary geçirmekden ykdysady sebäpler esasynda ýüz öwürmek ýurt baýlygy hakynda otarylýan ertekilere we türkmen ýolbaşçylarynyň men-menligine urlan zarba bolar.

Onsoň, haýsydyr bir ýol bilen serişde ýetmezçiliginiň üstüni dolmak üçin, ýurduň döwleti bir topar çäklendirme girizdi.Olar ilkinji nobtda ýurduň ilatyne degişli boldy.Bank operasiýalary çäklendirildi, ilata daşary ýurt walýutalaryny satmaga çäklendirme girizldi, şeýle-de bank kartlarynyň üsti bilen harçlanýan walýuta çäklendirme girizildi. Şu gadaganlyklar esasynda 2016-njy ýylda ýurtda walýutanyň “gara bazary” döredi, ol ýerde ABŞ-nyň dollary resmi kursdakydan iki esse gymmat bahadan satylýar.

Soňra Oýunlar üçin döwlet sektorynyň işgärlerinden pul ýygnamaga başladylar. 2015-nji ýylda birnäçe döwlet edarasynyň işgärlerine Aziadanyň täze gurluşyklaryny tamamlamak üçin bir aýlyklaryny “bagyşlamak” teklip edildi, 2017-nji ýylyň aprelinden sentýabryna çenli bolsa, nebit-gaz pudagynyň işgärlerinden aýlyklarynyň 20 prosenti tutulyp alynmaly edildi.

Emma pul barybir ýetmedi. Şondan soň prezident biznesmenlere ýüz tutmagy tabşyrdy. “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, olardan pul ýygnamak baş prokuror Amanmyrat Hallyýewe hem-de IIM-niň başlygy Isgender Mulikowa tabşyryldy. Ministrler bu tabşyrygy ýerine ýetirip bilmediler we 4-nji maýda prezident Hallyýewi işden boşatdy, Mulikowa bolsa berk käýýinç yglan etdi.

Mundanam başa, prezident güýç gurluşlarynda arassalaýyş geçirmegi buýurdy. 12-nji maýda ýurduň Ýokary sudunyň başlygy Begenç Çaryýew güýç gulluklarynyň we döwlet emeldarlarynyň arasynda geçirilen anti-korrupsiýa barlagynyň netijeleri barada hasabat berdi we netijede prokuraturanyň we IIM-niň 50-ä golaý işgäri işden boşadyldy.

Kampaniýanyň netijeleri barada gürrüň berilýän wideoýazgy görkezildi we tussag edilenleriň gözleg-agtaryş mahalynda ýüze çykarylan kaşaň jaýlary we kwartiralary, şeýle-de petde-petde pullar, altyn şaý-sepler we altyn guýumlary görkezildi.

Bu serişdeleriň ählisi döwletiň haýryna geçirildi.

Çykdajy harajatlaryny azaltmagyň kulminasiýasy prezidentiň ilata berilýän ähli ýeňillikleri ýatyrmak barada gelen karary boldy.

Aziadanyň ahlak bahasy

Ilat Aziada üçin diňe pulda töleg etmeli bolmady, eýsem öz rahatlygy bilen hem töleg tölemeli boldy. Ýerli häkimiýetler başda, Aziadanyň myhmanlaryna split-sistemalar bilen keşbi bozulan köp gatly jaýlar görünmez ýaly, “protokol köçeler” diýlilýänleriň boýunda ýeleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň kondisionerlerini sökmegi talap etdiler.

Soňra, Türkmenbaşy prospektinde, sport şäherçesiniň garşysynda ýaşaýan adamlaryň Oýunlar wagtynda öz jaýlaryndan wagtlaýyn gitmelidigi baradaky buýruk geldi. Olara birnäçe hepdeläp ýaşajak waglatlaýyn jaýlaryny özleriniň gözlemelidigi aýdyldy.

Şeýle-de, Aşgbatda “bil baglap bolmajak sosial elementleri” ýüze çykarmak boýunça reýdler başlandy. Polisiýa işgärleri ten satmak bilen meşgullanýan aýallary, spirtli içgilere we neşe maddalaryna garaşly adamlary gabap tutýarlar we Daşoguzdaky narkologiýa dispaneserine iberýärler. Olar o ýerde Aziada tamam bolýança saklanar. Ozal sud edilen adamlara bolsa, Oýunlar wagtynda köçede görünmek gadagan edildi.

Adamlardan başga, şäheri köne markaly awtomobillerden hem arassalamak kararyna gelindi. Awtiisnpeksiýanyň işgärleri “Žiguli” markaly maşynlary we beýleki könelişen nusgaly maşynlary saklap, awtoralgalara iberýärler. Mundanam başga, Oýunlar mahalynda paýtagta regionalryň maşynlarynyň hem girmegi gadagan ediler. Olary paýtagtyň eteklerinde gurulýan ýörite awtoduralgalarda saklarlar.

Aziada bilen baglylykda ilatyň beýleki kategoriýalaryna hem azar ýetdi: mekdep okuwçylaryny, studentleri we býujet edaralarynyň işgärlerini, meýletinçiler hökmünde, Oýunlar a çekýärler we köpçülik çärelerine gatnaşdyrýarlar.Oýunlaryň Guramaçylyk komiteti Oýunlaryň diňe açylyş we ýapylyş dabaralary üçin 10 müňe golýa tansçynyň we ýerine ýetirijiniň toplanmagynyň gerekdigini aýtdy.

Kanikula derek, mekdep okuwçylary we studentler 1-nji iýuldan repetisiýalara gatnap başlarlar.

Türkmen “myhmansöýerligi”

Resmi Aşgabat Azida müňlerçe myhamn geler diýip ynanýar. Olar bitarp döwletiň adamlarynyň bagtly durmuşyny görkezýän kartinany synlamaly. Diňe gelen sportsmenleriň özi 5 müň adam bolar, şeýle-de resmi delegasiýalaryň agzalary, janköýerler, turistler we žurnalistler geler. Oýunlaryň Guramaçylyk komiteti satuwa 600 müň bilediň çykaryljakdygyny aýtdy.

Oýunlar türkmen “myhmansöýerligini” ýatyrmaýar. Bu “myhmansöýerlik” ýurda gelen islendik adamyň syýahatçylyk agentlikleriniň ýörite taýýarlanan ýolbeletleri we graždan eşikli adamlar tarapyndan ugradylmagyndan, ýagny turistiň gerek däl ýerlere barmazlygyna, owadan mermerli binalardan başga ýerleriň suratyny almazlygyna esewan etmekden ybarat. Aziada taýýarlygyň barşynda hatda türkmen polisiýasynyň işgärlerini iňlis dilini öwrenmek baradaky ýörite açylan kurslara hem ugratdylar.

Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bu köp sanly regional Oýunlaryň biri.Dogry, Türkmensitanyň prezidenti olary hatda Olimpiýadadan hem uly waka hasaplaýar.Minsitler kabinetiniň her hepde geçirilýän mejlislerinde Aziadany geçirmek meselesi yzygiderli gozgalýar we ýurtda soňky ýarym ýylda Oýunlaryň başlanmagyna çenli galan 500, 100 we 50 gün dabaralary tutulýar, dürli sport konferensiýalary, atly ýaryşlar geçirilýär.

Oýunlaryň hormatyna “sagdynlyk aýy” we ýowarlar geçirilýär, üstesine Berdimuhamedowyň bu Oýunlaryň açylyşyna çagyrmadyk ýekeje-de abraýly delegasiýasy ýok, goý ol BMG-nyň Baş sekretary bolsun, hala-da region boýunça kärdeşi.

“Aziýa oýunlary daşary ýurtlrda uly bir at-abraýa eýe bolan uly göwrümli waka däl-de, eýsem bir regional çäre. Emma bu prezident üçin abraýly proýekt. Ol munyň dünýä derejsindäki wakadygyna ynanýar we şonuň arakasyndan bütin dünýä Türkmenistan, onuň üstünlikleri bilen tanyş bolar öýdýär” diýip, region boýunç aekspert Farid Tuhbatullin hasap edýär.

Aziada-2017 Arkadagyň şahsy buýsanjynyň bir bölegi, ol onuň üçin gimn hem ýazdy. Emma ýurtda Oýunlardan soň näme boljagy başga mesele, sebäbi krizisi başdan geçirýän uly bolmadyk ýurduň ähli býujet serişdeleri we beýleki resurslary şu oýna harçlanýar. Bu diňe ykdysady resurslar hem däl.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
05.09.2017 | Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medaly almagy maksat edinýär
14.09.2017 | Özbek taekwondoçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşikli göreşlere taýýar