Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy

Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy

ABŞ-da ýaşaýan Nobel baýragynyň eýesi türk alymy Prof. Dr. Aziz Sanjara, TÜRKSOÝ tarapyndan “Türk dünýäsiniň medeniýet ilçisi” nyşany gowşuryldy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýaew, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda geçirlen dabarada, “Türk dünýäsiniň medeniýet ilçisi” nyşany Azaz Sanjara gowşurdy.

Baş sekretar Raýew dabarada eden çykyşynda “Siz diňe bir alym däl, eýsem şol bir wagtda Türk dünýäsiniň ylmy güýjüni görkezýän beýik akdyldarlardan biri. Nobel baýragy bilen bütin adamzada goşant goşan ylmy işleriňiz, ylym dünýäsinde gazanan üstünlikleriňiz, türk medeniýetiniň gymmatlyklaryny görkezýän irginsiz zähmediňiz tutuş adamzada görelde bolýar” diýdi.

Aziz Sanjaryň, Türk dünýäsinin buýsanjy we ylham çeşmesi bolandygyny nygtan Raýew, bu nyşanyň Aziz Sanjara gowşurylmagy barada, TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşine agza ýurtlaryň degişli ministrleriň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirlen 40-njy maslahatynda kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

Prof. Dr Aziz Sanjar, bu nyşanyň özi üçin Nobel baýragyndan has gymmatlydygyny aýtdy.

Dabarada duýguly pursatlary başdan geçiren Sanjar, “Bu nyşan meniň üçin ähli baýraklardan has gymmatly. Bu meniň arzuw-hyýalymdy. TÜRKSOÝ-yň bize dünýäde iň gowy ýagdaýda wekilçilik etmegini umyt edýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türki dilleriň Bütindünýä güni bellenildi
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi