Bäbekler haçan gülüp başlaýar?

Bäbekleriň ilkinji ýylgyryşy ata-eneler üçin tolgundyryjy pursatlaryň biridir. Ýylgyrmak kadaly ösüşiň alamaty bolup, körpeler köplenç 3-4 aýlykda ýylgyryp başlaýarlar.Bäbejigiň töweregindäkiler bilen aragatnaşyk saklamak hem-de duýgularyny bildirmek üçin ilkinji synanyşygy ýylgyrmak arkaly ýüze çykýar.

Bäbejikler bir ýaşa çenli jykyrdap gülmek, dürli sesleri gaýtalamak arkaly endiklerini ösdürip, maşgalasynyň altyn aşygyna öwrülýär.Babejige gözegçilik etmek, olar bilen oýnamak we gürleşmek körpejeleriň ösüşi üçin möhümdir.

Kiçijik çagalar köplenç ukudaka ýylgyrýarlar.Bu olaryň hoşallygynyň alamaty bolup, hossarlarynyň süýji sözlerine, ejesiniň hüwdüsine jogap hökmünde ýüze çykýar. 2-3 aýda bäbekleriň köpüsi özlerine ideg edýän adamlaryň gözüne seredip başlaýar.

Töweregindäki seslere we hereketlere üns berýärler.Dördünji aýda körpejeler öwrenen seslerini we hereketlerini gaýtalap başlaýarlar.Altynjy aýda bäbejikler jykyrdap gülüp, dürli oýunlary görkezip, hezil edýärler.Altynjy aý çagalaryň ösüşiniň iň esasy döwri hasaplanýar.

Bäbekleri nädip güldürmeli?

Bäbejigi güldürmek kyn däl.Munuň üçin olaryň halaýan zadyny etmeli.Mysal üçin, bäbejigiň hereketlerini ýa-da ilkinji sözlerini gaýtalamak onuň hoşuna gidip, özüne öýkünilýändigini bilip, gülmäge başlaýar.

Mundan başga-da, mähirli sözleri aýtmak, oýunlary oýnamak ýa-da aýdyma hiňlenmek arkaly balajyklary güldürip bolýar.Bilermenler bäbeklere ertekili kitaplary okap bermegiň, öwrediji oýunlary oýnatmagyň hem-de açyk howada gezelenç etdirmegiň örän möhümdigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” duşuşygynda çykyş etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli forumda ara alyp maslahatlaşmak üçin ileri tutulýan ugurlary beýan etdi
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady