
Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri 2024-nji ýylyň geçen alty aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu baýry, öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň birinji ýarymynda 7 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, meýilnama 127 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 110,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 385 müňden gowragy taýýarlanyp, şonuň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda ekologiýa taýdan arassa nah matalardan tikilen şeýle önümler hiliniň ýokarydygy bilen hem tapawutlanýar.