Bags Banni 80 ýaşady

Golaýda dünýäniň iň meşhur multfilm gahrymanlaryndan biri bolan Bags Banni 80 ýaşady.Garagol towşanjyk ilkinji gezek 1940-njy ýylda Warner Brothers kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Looney Tunes seriýasynyň gysga animasiýalarynyň biri bolan Ýabany towşan (Wild Hare) filminde peýda bolýar.

Aslynda, Warner Brothers-iň 1938-nji ýylda taýýarlan filminde Şadyýan towşanjyk atly gahryman bolýar.Baş rolda oýnamaýan bu towşanjygy tomaşaçylar halaýarlar. Şol sebäpli 1940-njy ýylda şol towşanjyk täzeden çekilýär we ady Bags Banni diýlip üýtgedilýär.

Towşanjyga şeýle at goýulmagynyň hem täsin sebäbi bar.Täze gahrymany döreden suratkeş Ben Hardaweýiň öz kärdeşleriniň arasynda Bags diýen lakamy bar eken. Şol sebäpli towşanjygy Bags Banni diýip atlandyrýarlar.

Entek telewizorlaryň ýokdugy sebäpli ilkibaşda Bags Banni hem kinoteatrlarda görkezilýär.Bags Banni ilkinji gezek görkezilenden bäri beýleki multfilm gahrymanlaryndan has köp 175-den gowrak gysga metražly filmde keşp janlandyrdy.

Multfilm telewizoryň peýda bolmagy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda köp sanly satiralarda, degişmelerde we teleseriallarda çykyş edýär.Bags Banni käşiri halaýandygy hem-de Näme boldy?diýen sowal bermegi bilen tanalýar.

Towşanjyk bu sözi awçydan ýa-da başga bir duşmanyndan gaçyp, ony aldawa salanyndan soňra aýdýar.Ilkibaşda bezzat towşanjyga Mel Blank atly aktýor ses berýär.Ussat aktýor ses bereninde towşanjygyň sesiniň has ynandyryjy bolmagy üçin käşir iýipdir.

Aslynda, Blank käşiri halamaýan eken. 1948-nji ýylda Bags Banni birneme üýtgedilip, häzirki şekiline girizilýär.

Kähalatlarda bir multfilmiň gahrymany başga bir multfilmde myhmançylykda bolýar. Emma bu ýagdaý diňe şol bir kompaniýanyň döreden animasion filmlerine degişli bolýar. Muňa garamazdan, animasion filmleriň birinde Walt Disney-iň Mikki syçanjygy Bags Banni multfilminde peýda bolýar. Sebäbi şol döwürler tomaşaçylar köpçüligi bu iki gahrymany hem örän gowy görýän ekenler.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi
“Emmi-2021” baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Tagallalaryny birleşdirdiler