Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji çagalar bagynda Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçirilýändigi hakynda gürrüň berdiler.
Güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär diýip nygtap geçdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda körpeje nesillerimize birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler.Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
