BAGTYÝAR IL TOÝ TUTDY

Irden milli Liderimiziň dikuçary Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde gonýar. Soňra hormatly Prezidentimiz awtoulagynda dabaralaryň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Täze howa menziliniň çäklerinde uly baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş dabaralanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylaýarlar.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara we watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün gadymy Lebap topragynda welaýatyň zähmetsöýer hem-de bagtyýar ilaty bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde birnäçe desgalaryň açyljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dabarasy uludan tutulýan Medeniýet hepdeliginiň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň çäklerinde guralýan çärelerde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhunyň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.

Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphanadyr muzeý, kinodyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiligini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, bu ugurda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi hem-de täze Aşgabat-sitiniň, ençeme täze desgalaryň düýbi tutuldy. Şu gün bolsa Lebap welaýatynda köp sanly iri desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyz ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça döwlet syýasatymyz barha rowaçlanýar. Biz gözel Diýarymyzyň gündogar sebitiniň hem ykdysady, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigine buýsanýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýäris. Şu gün Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy hem munuň ýene-de bir aýdyň şaýadydyr. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredildi.

Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.

Şu gün Türkmenabat şäherinde Türkmeniň ak öýi binasy açylar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Garaşsyz Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan binalaryň daşky hem-de içki bezegleriniň her welaýatyň aýratynlygyna laýyk gelmegine uly üns berilýändigini belledi.

Ak öý bolsa döwletlilik ojagydyr. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşýan 3 müň orunlyk Türkmeniň ak öýi binasy, nesip bolsa, şanly seneleriňdir toý-dabaralaryň merkezine öwrüler. Bu bina dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.

Şu şanly toý günlerinde Farap etrabynyň Farap şäherinde Çagalar dünýäsi medeni-dynç alyş merkezi hem açylyp, ulanmaga berler. Goý, bu medeni-dynç alyş merkezinde şadyýan çagalarymyzyň gülki sesleri belent ýaňlansyn! Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär — Kerki Halkara howa menzili açyldy!

Milli Liderimiz ýolagçy terminalyna girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy howa ulaglarynyň işgärleriniň lybasyndaky çagalar joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen mähirli görşüp, howa menziliniň ugradyş zalynyň hasaba alyş bekedine gelýär.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda Kerki Halkara howa menziliniň ilkinji ýolagçy münüş petegi hem gowşuryldy.

Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça

niýetlenen howa menzili

Howa menzili toplumy ähli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine hem-de bildirilýän talaplara kybap gelýän ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy

ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenhowaýollary agentliginiň buýurmasy boýunça bu möhüm desganyň gurluşygyny Gündogdy hususy kärhanasy amala aşyrdy.Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.

Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy.Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.

Halkara guramalaryň

ýolbaşçylary çykyş etdi

Dabaranyň barşynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşýan halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Ilkinji çykyş eden Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA) Türkiýe, Orta Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebitleýin menejeri Funda Çalyşyr hormatly Prezidentimize türkmen halky bilen bu wakanyň şatlygyny paýlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hanym Funda Çalyşyr Kerkiniň Halkara howa menzilini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, IATA-nyň Türkmenistanda ýene-de bir howa derwezesiniň açylmagyny mübärekleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze howa menziliniň ulag ulgamynyň mundan beýläk-de howpsuz, ygtybarly we durnukly ösmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Soňra Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi täze howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhyndaky bu möhüm waka göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.

Soňra Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşýanlary Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy bilen gutlady.

Jenap Ralf Gaffal göni wideoaragatnaşyk arkaly şu möhüm waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Mýunhen Halkara howa menziliniň Türkmenhowaýollary agentligine howa menzillerini dolandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, awiakompaniýalaryň marketingi, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly we beýleki ugurlar boýunça strategik başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktorynyň nygtaýşy ýaly, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak özi üçin uly hormatdyr.

Sözüniň ahyrynda jenap Ralf Gaffal Kerki Halkara howa menziliniň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu howa menziline degişli güwänama gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamanyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Täze uçarlar howa menziline gondy

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar Boeing 777-200LR kysymly täze uçaryň hem-de harby-ulag uçarynyň Kerki howa menziline gonuşyna syn etdiler.

Howa menziliniň emeli uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki, nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Bir wagtyň özünde duralga uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär. Onuň düzümine, şeýle hem halas ediş we ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, tehniki bölüm, geçiriş nokady, ýörite awtoulaglar üçin garaž, beýleki kömekçi desgalar girýär.

Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdançada ýolagçylar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.

Hormatly Prezidentimiz CIP zalyna barýar we şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrýar.

Türkmenhowaýollary agentliginiň zähmet toparynyň adyndan döwlet Baştutanymyza elde dokalan ajaýyp haly sowgat berildi.

Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherine ugramak üçin Boeing 777-200LR howa gämisine bardy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz täze uçarda Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalara ak pata berdi.

Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrýan uçarda hormatly Prezidentimiz ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Ýaş juwanlaryň ene-atalary döwlet Baştutanymyza halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz olary we ýaş çatynjalary şanly waka bilen gutlap, ýaşlara maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelenden soň, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz ýaş çatynjalar bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şu şatlykly günüň ýaş çatynjalar hem-de olaryň ýakynlary üçin aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrülendigi şübhesizdir.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda howa menzilinden Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna tarap ugrady.

Tiz kömek awtoulaglaryny gowşurdy

Hassahananyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimizi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze Tiz kömek awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Tiz kömek awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmeniň ak öýi binasy

Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygy

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz täze gurlan Türkmeniň ak öýi binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi.

Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar we mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz binanyň ýanyna barýar. Onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmeniň ak öýüniň içine girýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň milli saz gurallary topary milli Liderimizi joşgunly çykyşlary bilen garşylaýar.

Bu ýerde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiliginiň, halk senetleriniň önümleri görkezildi. Bu sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz binanyň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Türkmeniň ak öýi ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.

Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.

Türkmeniň ak öýi uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.

Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Konsert Arkadagly ýurduň milli sungaty atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Konsert maksatnamasyna gadymy küştdepdi tansy hem girizildi. Bu tans täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyryldy. Ol döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde Alkyş Size, Arkadag! atly aýdym ýaňlandy. Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Bu ýerde milli Liderimize Türkmeniň ak öýi binasynyň şekili sowgat berildi.

Şol günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan Türkmeniň ak öýüne täze awtoulag sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
“Opel” täze logosyny görkezdi
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar
Türkmenistana täze Boeing 777-200LR ýolagçy uçary gelip gowuşdy