BAGTYÝAR NESILLER-BIZIŇ GELJEGIMIZ

BAGTYÝAR NESILLER-BIZIŇ GELJEGIMIZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, guramagynda Bagtyýar nesiller-biziň geljegimiz atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Ýurdumyzda nesilleriň bagtyýar we sagdyn ösüp ulalmagy, ýaşlaryň Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýä garaýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde çagalaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap, kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ähli tagallalary we bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan sportuň we üstünlikleriň ýurdy
Türkmen wekiliýeti Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty -2025 atly halkara çärä gatnaşdy
Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ŞAHYRY
DURMUŞDA KITABYŇ ÄHMIÝETI
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ NUSGAWY WEKILLERINIŇ DÖREDIJILIGINDEN