Bagy bossan jennet mekan Aşgabat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Atamyrat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň, “Ak şäherim Aşgabat” gepleşiginiň ýazgy etmeginde 25-nji maý Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Bagy bossan jennet mekan Aşgabat” atly söhbetdeşligi geçirdi.

Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň netijesini aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär.Gözel paýtagtymyzyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna goşulmagy, onuň köp sanly desgalarynyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we beýleki üstünlikleri dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýändigi babatynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar baş şäherimizi ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Parahatçylygyň merkezi Aşgabadyň halkara üstünligi
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar