Bakuda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

17-nji noýabrda Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Azerbaýjanyň milli Ylymlar Akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary hem alymlary gatnaşdylar.

Duşuşykda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi G.Elýasow, türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada surata düşürilen “Hakyň guly – Magtymguly” atly çeper filmi görkezildi.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
Bakuda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi
Azerbaýjanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Azerbaýjanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Täjik edebiýaty