Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär

Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär

Uly ýigrimilik ösüp barýan ýurtlara azyk we energiýa kynçylyklaryny çözmekde ýardam etmelidir. Bu barada HHR-niň Başlygy Si Szinpin düýn Indoneziýanyň Bali adasynda açylan G20-ligiň sammitinde eden çykyşynda nygtady diýip, MIR 24 ýazýar.

Iki günlük maslahat Indoneziýanyň başlyklyk etmeginde geçýär, sammitiň baş temasy koronawirus ýokanjyndan soňra pese gaçan dünýä ykdysadyýetini dikeltmek we dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş ýoluna düşmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Indoneziýa sammitde öz paýtagtyny Jakartadan adanyň gündogar bölegindäki Kalimantana göçürmek boýunça taslama bilen hem tanyşdyrmakçy.

Düýn maslahatyň ilkinji gününde adatdan daşary ýagdaýlar bolman durmady, mysal üçin, Argentinanyň Prezidenti özüni ýaramaz duýdy, lukmanlar onuň gan basyşynyň pese gaçandygyny anykladylar. Kambojanyň Prezidenti bolsa, sammiti koronawirus bilen keselländigi üçin terk etmeli boldy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşmakdan ýüz öwürdi, RF-niň adyndan ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Balide G20 sammiti başlady
Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar
Gök çaýmy, gara çaý?
Kadaly iýmitleniş