Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy

Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, kitap festiwaly bilen utgaşykly geçirilen beýleki çäreler hem işjeň häsiýete beslendi.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördi hem-de alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Balkan welaýat kitaphanasynda guralan türkmen-amerikan kitap festiwaly ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Kitap sergisi, kitaphananyň bölümlerine gezelenç örän täsirli boldy.

ABŞ-nyň ilçisi welaýat merkezindäki Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň Telekeçiler mekdebiniň Balkan welaýat bölümi we ol ýerde alnyp barylýan okuw sapaklary bilen tanyşdy.

Ilçiniň Balkanabat şäherindäki welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji has-da täsirli boldy. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar myhmanda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şeýle-de ABŞ-nyň ilçisi saparynyň dowamynda welaýat merkezindäki bilim-terbiýeçilik desgalaryna-da baryp gördi we olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.

Balkan welaýatynyň baş metjidine baryp, ilçi bu ýerde metjidiň özboluşly binagärlik aýratynlyklaryny synlady.

Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk işjeň häsiýete eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Maryda amerikan ýazyjylary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi
Türkmeni̇standa “Zenan Telekeçiler Akademi̇ýasy” atly maksatnama işe başlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Aşgabatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahat geçirildi