Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürmek boýunça toplumyň gurluşygy tamamlanyp barýar

Garabogaz şäherinde gurulýan tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, ondan ammiak we karbamid almak boýunça kärhanada kömekçi enjamlary oturtmak-sazlamak işlerine girişildi.

Täze kärhanada tebigy gaz ýataklaryndan gaz geçiriş ulgamy arkaly gelýän çig maldan mineral dökünler öndüriler. Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid çykarylar.

Şeýlelik bilen, deňiz kenarynda döredilýän innowasion- önümçilik toplumy tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemäge we dünýä hil ölçeglerine laýyk gelýän önüm çykarmaga mümkinçilik berer. Ammiak önümçiliginde Daniýanyň Haldor Topsoe AS we ABŞ-nyň UOP, karbamid sintezi bölüminde bolsa, Italiýanyň Saipem kompaniýalarynyň tehnologiýalry ulanylar. Karbamidiň goýaldylan ergini owradylanda hünärmenler niderlandlaryň Uhde Fertilizer kompaniýasynyň tehnologiýasyndan peýdalanarlar.

Bu örän iri taslamany durmuşa geçirýän Mitsubishi Corporation (Ýaponiýa) we Gap Inşaat (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň hünärmenleri ammiak we karbamid çykarýan sehlerde esasy gurluşyk hem-de tehnologik enjamlary oturtmak işlerini tamamladylar.

Olaryň gatnaşmagynda kömekçi enjamlaryň bir bölegi—azot öndürýän enjam işe girizildi, gazturbina generatory, BÖE üçin howa beriji enjam, suwy himiki usulda arassalaýan ulgam, bug gazany işledilmäge taýýarlanyldy, ýokary basyşly turbageçirijileriň synaglary, bu ýere gelýän gaz geçirijini gurluşygy tamamlanyp barýar.

Iş tabşyryjysy Türkmenhimiýa“ Döwlet konserni bolan gurluşygy alnyp barylýan kärhananyň direksiýasynyň habaryna görä, Mitsubishi Corporation kompaniýasy gurluşyk meýdançasynda tehnologik enjamlaryň 93 göteriminden gowragyny oturtdy.Konsorsiumyň agzasy Gap Inşaat kompamiýasy gurluşyk işlerini 90 göterimden gowragyny ýerine ýetirip, indi abadanlaşdyryş işlerini alyp barýar.

Balkan welaýatyndaky täze kärhananyň gurluşygynda häzirki wagtda işçileriň 5,3 müňüsi zähmet çekýär, olaryň bäş müňden gowragy türkmen hünärmenleridir, gurluşyk, ýörüteleşdirlen tehnikalaryň we mehanizmleriň 375-si işledilýär.Iň täze tehnologiýalary üstünlikli özleşdirmek üçin konsorsium Türkmenhimiýa“ DK-nyň Türkmenabatdaky orta tehniki hünärment mekdebiniň Garabogazdaky şahamçasynda hünärmenleri taýýarlamagy gurnady.

Bu ýerde ýetginjekleriň we gyzlaryň 270-sinden gowragy bilim aldylar.Hünärment mekdebiň uçurymlarynyň aglabasy- 200-den gowragy gurulýan kärhananyň sehlerine işe alyndy. Ýene-de altmyşdan gowragy ýanwar aýynyň başynda işe başlar.

Täze kärhananyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda iki million tonnadan gowrak azot dökünleri öndürilip, onuň üçden bir bölegi içerki bazarlara, galany bolsa, daşary ýurtlara iberiler.

Häzirki wagtda Garabogaz şäheriniň gämi duralgasynyň durky täzelenilýär, ol ýerden taýýar önüm deňiz gämileri bilen sarp edijilere ýetiriler. Iýun aýynda zawod we gämi duralgasy önümi eksporta ugratmaga taýýar bolar.

Ýene degişli makalalar

17.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Garabogazda ammiak we karbamid öndürmek boýuça iri taslama durmuşa geçirilýär
Balkan welaýatynda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemekde iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar
08.11.2017 | Balkan welaýaty Türkmenistanyň senagat taýdan ösmeginde esasy orny eýeleýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
18.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi