Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde sygyr etiniň bahasy özüniň rekord derejesini täzeledi. Şäheriň bazarlarynda 1 kilogram etiň bahasy 155 manada ýetdi. Bu ýagdaý, ilat arasynda eti kilogramlap däl-de, gramlap satyn alýan adamlaryň göz-görtele köpelmegine getirdi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Balkanabadyň daýhan we beýleki söwda bazarlarynda etiň bahasy sentýabr aýynyň ahyryna çenli 120 manat bahalanan bolsa, şondan bäri ýerli çylka et 125-135 manatda saklanyp durdy. Ýöne 26-njy oktýabrda 1 kilogram çylka etiň bahasy 155 manada ýetdi” diýip, balkanabatly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, 155 manat ýurduň Merkezi bankynyň kursy boýunça 44 ABŞ dollaryna barabardyr.
Ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, etiň gymmatlandygyny gören alyjylar ilki bir salym et satyn almakdan saklandylar. Ýöne soňra adamlar eti gramlap satyn alyp başladylar.
“Bir salym wagt geçensoň, 300 ýa-da 500 gram et satyn alýan adamlaryň sany göz-görtele köpeldi. Adamlaryň ellerinden geljek zady ýok. Garaşsyzlyk baýramy günleri satylan arzan etler adamlary bir salym güýmäp durdy. Häzir bu etler hem ýok” diýip, balkanabatly ýene bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, et gymmatçylygynyň arasynda, türkmen häkimiýetleri 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda we yz ýanynda et önümleriniň käbir görnüşlerini arzan bahadan satuwa çykarypdy.
Balkanabatda tas 10 gün bäri arzan towuk budy hem satuwda tapdyrmaýar. Käbir söwda marketlerinde Eýrandan import edilen towuk etiniň 1 kilogramy 50 manatdan satylýar. Ýöne onuň hyrydary tas ýok diýen ýaly.
“Möhleti geçen bu towuk etini alyp iýer ýaly däl. Ol gurbaganyň eti ýaly, gazanda pytrap akyp ýatyr. Onuň porsy ysyny gidermek üçin gymmat tagam berijileri ulanmaly” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belleýär.
Onuň sözlerine görä, şäheriň Saglyk öýleriniň birnäçe lukmany öz näsaglaryna dilden berýän maglumatynda bu towuklaryň garmonly dermanlar bilen ýetişdirilendigini we saglyga zyýanlydygyny aýdyp, ony iýmezligi maslahat berýär.
Balkanabatlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bazar we ýerli söwda resmileri ýaşaýjylaryň bu ýagdaýlar, şol sanda etiň gymmatlamagy we onuň sebäpleri barada edýän şikaýatlaryna we ýüzlenmelerine anyk resmi düşündiriş bermeýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýerli söwda we saglygy goraýyş edaralaryndan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda soňky dört aýa golaý wagtyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda gymmatlap gelýär. Iýul aýynyň başynda ýurduň bazarlarynda 1 kilogram çylka sygyr etiniň bahasy 80 manat bahalanýardy. 23-nji oktýabrda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň bazarlarynda bir kilogram çylka etiň bahasynyň 135-140 manada ýetendigini habar berdi.
Häkimiýetler bu gymmatlama we onuň sebäpleri barada häzire çenli hiç hili aç-açan beýanat etmän gelýär. Ýöne et gymmatçylygynyň arasynda, häkimiýetler ýurduň käbir sebitlerinde arzan bahadan doňdurylan etiň söwdasyny wagtal-wagtal ýola goýup, ondan ilata çäkli möçberde satdylar.
Häkimiýetleriň we ýurduň metbugat serişdeleriniň dymyşlygynyň arasynda, balkanabatly et söwdagärleriniň ençemesi ýerli etiň gymmatlamagynyň sebäplerinden biriniň mallar üçin ot-iýmiň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Häzir 1 kg gyzylarbat künjarasy 8-9 manat, 20 kg bugdaý kepegi 120 manat, 1 kip ýorunja 60 manat bahalanýar. Her gün bir sygra 3 kg künjara, 10 kg kepek, 1 kip ot bermeli. Mundan başga-da dermanlara, weterinarlara we ýola tölemeli” diýip, balkanabatly et söwdagäri belleýär.
Şeýle-de, söwdagärler gymmatçylygyň ýene bir sebäbini soňky ýyllarda we aýlarda mallaryň “nämälim” keselden köpçülikleýin gyrylmagynyň dowam etmegi bilen düşündirýärler.
Bellesek, Azatlygyň ýurduň günorta-günbatar welaýatlaryndaky habarçylary iri we ownuk şahly mallaryň “nämälim” keselden köpçülikleýin gyrylýandygy, maldarlaryň munuň bilen özbaşdak göreşýändigi barada soňky bir aýyň dowamynda azyndan üç gezek maglumat berdiler.
“Şeýle-de, obalardaky ýaşlaryň tas ählisi daşary ýurtlara zähmet çekmäge gitdiler. Bu bolsa, sygyr saklaýan, ondan et, süýt, gatyk öndürýän adamlaryň juda azalmagyna getirdi. Hatda oba adamlaram kagyz gutuda satylýan süýt, gatyk satyn alyp başladylar. Ondan başga-da, infilýasiýany saklap bolmaýar” diýip, balkanabatly söwdagär belledi.
Söwdagärler bularyň ählisiniň etiň gymmatlamagyna täsir edýändigini, onuň bahasynyň has-da ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýdyp, öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda 1 kilogram etiň 200 manada çykjakdygyny çaklaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.