Balkanda biometriki pasport nobatlary 2025-nji ýyla çenli uzady

Balkanda biometriki pasport nobatlary 2025-nji ýyla çenli uzady

Balkan welaýatynyň Migrasiýa edaralarynda biometriki pasportlar üçin resminamalary tabşyrmagyň nobaty 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli uzady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji fewralda habar berdi.

“Biometriki pasport almak üçin nobata ýazylýan adamlara indiki ýyla žeton berilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli migrasiýa işgärini sitirleýär.

Şeýle-de, resmiler Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportyny bermegiň tertibine käbir resmi däl çäklendirmeleriň girizilendigini aýdýarlar.

Biri-birinden habarsyz iki migrasiýa resmisiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, mundan beýläki daşary ýurt pasportyna ýüz tutýan erkek raýatlar 25 ýaşyny, aýal raýatlar 30 ýaşyny dolduran bolmaly.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary resmi taýdan tassykladyp bilmeýär. Şeýle-de, redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, migrasiýa resmileriniň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

Global koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen halkara hereket çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagyndan soňra, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda biometriki pasporta bolan isleg artdy. Migrasiýa edaralarynda üznüksiz dowam edýän pasport nobatlary bu talabyň gerimini açyp görkezdi.

Mundan ozal, Migrasiýa edarasynyň Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşy, Gyzylarbat we Balkanabat şahamçalary raýatlaryň pasport nobatlaryny 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli uzadypdy. Sebitden gowşan soňky maglumatlar, noýabra çenli uzaldylan nobatlaryň nobatdaky gezek yza süýşürilip, 2025-nji ýyla baryp ýetendigini görkezýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan migrasiýa işgärleri pasportlaryň nobatsyz ýa-da gyssagly çykarylmagynda korrupsiýanyň, şol sanda tanyşparazlygyň möhüm faktor bolup durýandygyny aýdýar.

“Bize, aýdaly, MHM-den, prokuraturadan, ýa-da kazyýetden jaň edip, pylan raýatyň haýyşyny ýerine ýetirmek barada buýruk görkezme berilýär. Biz hem bitirmeli bolýarys. Berilýän paranyň bize peýdasy ýok, biz bir teňňe-de berilmeýär” diýip, migrasiýa işgäri gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary biometriki pasportlaryň berilmeginde para alynmagy we berilmegi bilen bagly hadysalar barada öňden bäri habar berip gelýärler.

“Meselem, migrasiýa ofiserlerine jaň edip, pylan familiýaly biri barar, şonuň işini 15 günde ýa-da 40 günde bitir diýip, tabşyryk berýärler. Biz hem boýun bolýarys. Artykmaç problema kime gerek?” diýip, beýleki bir migrasiýa ofiseri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Migrasiýa işgärleri daşary ýurtlara syýahat etmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň köp bolmagy sebäpli, ýurtda biometriki pasporta bolan talabyň ýokary bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Şeýle meýiller hususan-da 2022-nji ýylda halkara hereket çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagy bilen barha möwjedi.

2023-nji ýylyň dowamynda ýurduň tas ähli sebitlerindäki migrasiýa edaralarynda pasport nobatlary yzly-yzyna uzady, ýüz tutujylara nobat bellenip berilýän žetonlaryň wagt möhleti gaýta-gaýta yza çekildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenabadyň migrasiýa edarasynda biometriki pasport nobatlarynyň maý aýyna çenli uzandygyny habar berdi. Şol gabatlar balkanly habarçymyz bu sebitde raýatlara pasport paýlamagyň togtadylandygyny maglumat berdi. Soňra maý aýynda, sentýabr aýy üçin nobata ýazylyp başlandy, iýun aýynda dekabra talon berildi.

Türkmenabatda pasport nobatlary sentýabrda 2024-nji ýylyň maýyna çenli, Daşoguzda 2024-nji ýylyň iýulyna çenli uzady. Oktýabr we noýabr aýlarynda Lebapda we Balkanda biometriki pasportlaryň berilmegi wagtlaýyn togtadyldy.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkanda pasportlaryň resmileşdirilmegi bilen bagly iri parahorlyk hadysalary barada habar berdiler. Bu habarlardan soň günbatar welaýatyň migrasiýa edaralarynda prokuratura barlaglary geçirildi.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurt pasportyna ýüz tutýan raýatlaryň sany diňe ýokary bolmagynda galdy.

Bu aralykda, migrasiýa häkimiýetleri pasportlaryň resmileşdirilmeginde SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalary kabul etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar
Motor ýagynyň aşa köp sarp edilmegine getirýän ýalňyşlyklar
Alymlar iýmitiň zaýalanmagynyň öňüni alýan bioaktiw paket (torba) döretdiler
Türkmen türmelerindäki 'aýylganç dünýä'
“Türkhowaýollary” petekleri satmagyň düzgünlerine üýtgetme girizýär