
Balkan welaýatynyň hususy we döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarynda dermanlaryň bahasy garaşylmadyk ýagdaýda 120 göterime çenli gymmatlady. Ýerli saglyk we dermanhana resmileri gymmatlamanyň sebäbi barada ilata anyk düşündiriş bermeýän mahaly, bu ýagdaý balkanlylaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Dermanlar garaşylmadyk ýagdaýda duýdansyz 7-nji oktýabrda gymmatlady. Käbir dermanlaryň bahasy 50 göterim, käbirleri 120 göterime çenli ýokarlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitiň ençeme dermanhanasyna aýlanyp gören habarçymyz, dermanlaryň käbir görnüşleriniň ozalky hem-de häzirki bahalary barada hem maglumat berdi.
“Bagyr üçin niýetlenen dermanyň bir gutusy ozal 100 manatdan satylýardy, häzir 200 manat bahalanýar. Böwrek näsazlyklarynda ulanylýan damardan damja görnüşinde goýberilýän sanjym 200 manatdan 385 manada ýokarlandy. Ýürek-damar näsazlyklary üçin niýetlenen 30 sany tabletkanyň bahasy 40 manatdan 100 manada gymmatlady” diýip, habarçymyz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gan köpeldiji sanjymyň bir gutusy hem, 1 müň manatdan 2 müň 200 manada ýokarlandy. Aşgazan, iýmit siňdirmek üçin niýetlenen 20 sany kapsulanyň bahasy öň 150 manatdy, häzir 260 manat bahalanýar.
Dermanhanalara barýan ýaşaýjylar gymmatlama nägilelik bildirip, onuň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar, ýöne takyk jogap alyp bilmeýärler.
“Hususy dermanhanalardaky satyjylar özlerine gymmatlama barada dymmagyň tabşyrylandygyny aýdýarlar. Döwlet dermanhanalaryndaky hünärmenler bolsa, gymmatlamanyň sebäbini pudak ministrligi tarapyndan berlen tabşyryk diýip düşündirýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Dermanhanalara barýan alyjylaryň arasynda dermanlaryň gymmatdygyny, halkyň ykdysady ýagdaýynyň dermanlary bu bahadan satyn almaga ýetmeýändigini aç-açan aýdýan raýatlar hem bar.
“Olar dermanhanada uludan, açan-açan nägilelik bildirip, dawa turuzýarlar. Häzir şeýle ýagdaýlara köp duş gelse boýlar. Eger gymmatçylyk saklanyp galsa, onda halkyň gazaba münüp, ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylaryna garşy aýaga galjagy ikiuçsyz” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýerli saglyk we söwda edaralaryndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Balkanda dermanlaryň gymmatlamagy bilen ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çyksa-da, soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri olaryň bahalary esasan durnukly ýagdaýda saklanyp galýardy.
Häzirki gymmatlama Türkmenistanda, şol sanda ýurduň günbatar welaýatynda azyk önümleriniň we beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň aýdan-aýa diýen ýaly ýokarlanýan, häkimiýetleriň bulara garşy arzan bahadan doňdurylan etleri satuwa çykarmak arkaly çäre görmäge çalyşýan mahalyna gabat geldi.
Galyberse-de, Balkanda dermanlaryň gymmatlamagy, Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan raýatlaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly wakalaryň ýygjamlaşýan pursady bilen hem utgaşdy.
Geçen hepde türkmenistanlylaryň ençemesi aeroportdaky resmileriň munuň sebäbini aç-açan düşündirmeýändigini, ýöne çäklendirmäniň esasan ýurtda tapdyrmaýan ýa-da aşa gymmat bahadan satylýan derman serişdelerini ulanýan näsaglara ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.