
Balkan welaýatynyň Bereket, Magtymguly we Gyzylarbat etraplarynda kärendeçi daýhanlaryň ençemesi sebitiň aglaba böleginde güýzlük bugdaý ekişiniň gijikdirilýändigini we munuň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini aýdýar.
Şeýle-de, olar gijikmä suw, tohum, tehnika, dizel gytçylygy bilen bir hatarda, mehanizatorlaryň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Eýýäm oktýabr aýynyň ikinji ongünlügi başlady we häzire çenli agzalan etraplaryň bugdaý meýdanlarynyň diňe 10-dan bir böleginde güýzlük bugdaý ekişi amala aşyryldy diýip bileris. Galan böleginde heniz-de girişilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly oba hojalyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, resmi metbugat Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine 3-nji sentýabrda girişilendigini habar berdi. Ministrler Kabinetiniň 29-njy awgustda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow ekişi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekipdi.
TDH 3-nji sentýabrda çap eden maglumatynda bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumlarynyň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň öňünden taýýar edilendigini, ekerançylara ekişi bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin şertleriň döredilendigini habar berdi.
Şol bir wagtda, balkanly daýhanlar ekişi öz wagtynda geçirmek üçin zerur bolan suw, tohum, tehnika, dizel gytçylygynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, şu ýyl görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini aýdýarlar.
“Daýhanlar ekiş gijikse, hasylyň hem pes boljakdygyny duýduryp, ýerli oba hojalyk resmilerine öz aladalaryny beýan edýärler. Ýöne kärendeçileriň edýän ýüztutmalary oňyn netije tapmaýar” diýip, gyzylarbatly kärendeçi daýhan anonimlik şertinde belledi.
Bu gytçylyklardan başga-da, daýhanlar ýerli emeldarlaryň “korrumpirlenen oýunlarynyň” hem bugdaý ekişiniň gijikmegine getirýändigini aýdýarlar.
“Oba hojalyk pudagynda bar bolan suw, tohum, tehnika, traktorlara bölünip berilýän dizel ilki bilen bu emeldarlaryň kärendesine alan ýerlerine paýlanyp berilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly bereketli daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhanlary oba hojalyk ýeňillikleri, şol sanda suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Öz gezeginde, kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini, şol sanda bugdaý ösdürip ýetişdirmegi, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmagy öz üstüne alýar.
Bu borçnamalara garamazdan, gallaçy kärendeçiler ýyllarboýy ekerançylyk suwlarynyň, mineral dökünleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Mundan başga-da, balkanly daýhanlar obahyzmat kärhanalarynda mehanizatorlaryň, traktor sürüjileriniň ýetmezçiliginiň hem güýzlük bugdaý ekişiniň gijikmegine getirýändigini aýdýarlar.
“Hatda daşary ýurtlardan getirilen täzeje traktorlar hem garažlarda tozan basyp dur. Mehanizatorlar, traktorçylar işlerini taşlap, Orsýet, Polşa ýa-da Ýewropanyň köp aýlyk töleýän döwletlerine gidendikleri sebäpli işgär tas galmady. Şol sebäpli obahyzmatyň awtoparkynda gymmatbaha tehnikalaryň köpüsi baýguşlara ketek wezipesini ýerine ýetirýär diýsek ýalňyşmarys” diýip, sebitiň obahyzmat kärhanasynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, ol ýurtda diňe mehanizatorlar däl, eýsem beýleki ulaglar, şol sanda ýük ulaglary üçin sürüjileriň ýetmezçilik edýändigini hem synlasa bolýandygyny belledi.
“Türkmenistanda tölenýän aýlyk hakynyň aşa azdygy sebäpli, iş orunlarynyň boş durmagy, işçi ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlara häzir ýurduň tas ähli pudagynda duş gelse bolýar. Sebäbi indi köpler az aýlyk bilen gün görüp bolmajakdygyna, çagalaryny gowy geljek bilen üpjün edip bilmejekdiklerine düşündi” diýip, işgär belledi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky ýyllarda müňlerçe türkmen raýaty eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitdi. Muňa ýurtda giň ýaýran işsizlik bilen bir hatarda, türkmenistanlylaryň sözlerine görä, aýlyk-günlügiň pes bolmagy we onuň maşgala eklemäge ýetmezligi sebäp bolýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.