Balkanda lukmanlara çagalary hassahanalardan başga ýerlerde sünnet etmek berk gadagan edilýär

Balkanda lukmanlara çagalary hassahanalardan başga ýerlerde sünnet etmek berk gadagan edilýär

Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirligi sebitiň lukmanlaryna oglan çagalary hassahanalaryň hirurgiýa bölümlerinden başga ýerlerde sünnet etmegi berk gadagan etdi. Müdirlik sebitiň lukmanlaryndan bu gadaganlygy bozmajakdyklary barada dil haty ýazmagy hem talap etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy fewralda sebitden maglumat berdi.

“Müdirligiň resmileri 13-nji fewralda etraplaryň baş lukmanlaryny ýygnap, olara bu gadaganlygy ähli lukmanlara duýdurmagy tabşyrdylar. Şeýle-de olar baş lukmanlardan etraplardaky ähli hirurglardan we sünnet edip bilýän beýleki lukmanlardan dil haty alyp, altynjy güne çenli, ýagny 17-nji fewrala çenli welaýat Saglygy goraýyş müdirligine tabşyrmagy hem talap etdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu waka, bahar paslynyň golaýlamagy bilen, ýurtda oglan çagalary sünnet etdirmek boýunça nobatdaky möwsümiň başlan mahalyna gabat geldi.

Ýygnakdan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köp ugurly hassahanasynyň baş lukmany hem öz garamagyndaky saglyk işgärleri bilen ýygnak geçirdi.

Ol müdirlige salgylanyp, gadagançylygyň sebäbini ýurtda esasan hem çagalaryň arasynda dowam edýän dem alyş ýollarynyň ýokançlygy bilen düşündirdi.

“Häzir, hususan-da, 3-5 ýaşly çagalaryň arasynda agyr pnewmoniýa giň ýaýrap dur. Çagalar soňky aýlarda bu keselçiligi, şol sanda agyr beden gyzgynlygyny geçiren bolsa, olary sünnet etmek howply hasaplanýar.

Käte olaryň gany durman, olaryň ölümine getirýär. Şol sebäpli çagalary hassahanalaryň hirurgiýa bölümlerinden başga ýerlerde sünnet etmeklik gadagan edilýär.Gadagançylygy bozan lukmana garşy jenaýat işi gozgalyp bilner” diýip, ýygnakdan habarly saglyk işgäri baş lukmanyň aýdan sözlerini sitirledi.

Baş lukman fewralyň başynda Gyzylarbadyň Paraw daýhan birleşiginde golaýda dem alyş ýollarynyň agyr ýokançlygyny başdan geçiren çaganyň etrap hassahanasynyň lukmany tarapyndan öýde sünnet edilendigini hem aýdyp, şeýle diýdi:

“5 ýaşly çaganyň kesilen ýeri ganap, hassahana ýetmänkä jan berýär. Häzir şol lukmanyň we ene-atasynyň işi suda geçirildi. Şol sebäpli ähli çagalary lukmançylyk kadalaryna laýyklykda, diňe hassahananyň hirurgiýa bölüminde sünnet etmegi duýdurýaryn. Şeýle-de, soňky aýlarda agyr pnewmoniýany başdan geçiren çagalary güýz paslyna çenli sünnet etmezligi tabşyrýaryn”.

Geçen ýylyň güýzünden bäri Türkmenistanda ilatyň, hususan-da, çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýraýandygy we ölüm wakalary barada Azatlyk yzygiderli maglumat berýär.

Balkanly habarçymyz ýurtda çagalaryny halk tebiplerine ýa-da lukmanlara öýde sünnet etdirýän raýatlaryň sanynyň köp bolmagynda galýandygyny hem aýdýar. Ol munuň däp-dessur we olaryň hyzmatlarynyň hassahanadaky operasiýadan has arzan düşýändigi bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

"Baş lukman saglyk işgärlerine sünnet amallary üçin ähli tölegleri öz jübülerine däl-de, hassahananyň gaznasyna tabşyrmagy hem berk tabşyrdy" diýip, saglyk işgäri sözüni jemledi.

Balkanly ene-atalaryň ençemesi 50 manat bolan resmi tölegden başga-da, “el haky” hökmünde 2 müňden 3 manada çenli serişdäni lukmanlara bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýar.

“Biziň ak haladymyz gan bolup zaýalanýar.Her çaga üçin aýratyn enjam çalyşýarys.Biziň çykdajylarymyz hem köp.Hassahana bize lukman lybasyny, enjamlary satyn alyp bermeýär.Hemmesini özümiz satyn alýarys.

Biz işimize kellämiz bilen jogap berýäris.Isleseňiz, çagalaryňyzy oba tebiplerine sünnet etdiriň.Olar hem 1 müň 500 manat alýarlar.Olaryň kepilligi hem ýok, çagaňyzyň janyny howp astynda goýanyňyza degse, şolara gidäýiň” diýip, balkanly ene bir lukmanyň aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada Balkanyň Saglygy goraýyş müdirliginden we agzalýan hassahanadan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda oglan çagalar köplenç üç, bäş ýa-da ýedi ýaşanda, soňky ýyllarda bolsa has kiçi ýaşlarda hem sünnet edilýär. Ýurtda adatça çagalary sünnet etdirmek möwsümi ýylda iki gezek bahar we güýz pasyllarynda bat alýar. Türkmenlerde oglan çagany sünnet etdirmek dini däp-dessurlar esasynda amal edilýär. Ýurtda munuň amal edilişini düzgünleşdirýän haýsydyr bir kanunçylyk göze ilmeýär.

Ýöne soňky alty ýyl bäri türkmen häkimiýetleri bu amallaryň diňe hassahanalarda berjaý edilmegini üpjün etmek tagallalaryny güýçlendirdiler. Resmiler halk tebipleriniň ýa-da lukmanlaryň çagalary öýde sünnet etmegini gadagan edýärler we olara garşy gözegçiligini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gadagançylyk alkogol içgileriniň gymmatlamagyna getirdi
Türkmenistan: Gadagançylyga garamazdan, çagalar pagta ýygmaga mejbur edilýär
Aşgabatda goýy reňkdäki ulaglaryň hereketine-de çäklendirme girizildi
Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'
Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan gadagan etdi
Türkmen-eýran wekiliýetleri Tähranda duşuşdy: Türkmenler gaz dawasyny oňşukly çözmegi teklip edýär