Balkanda polisiýa Çagalary goramagyň halkara gününde çagalara garşy reýd geçirdi

Balkanda polisiýa Çagalary goramagyň halkara gününde çagalara garşy reýd geçirdi

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününde köpçülik ýerlerinde, şol sanda bazarlarda ownuk söwda ýa-da dilegçilik edip, gazanç edýän çagalara garşy reýd geçirdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Bu waka, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini tekrarlan mahalyna gabat geldi.

“Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris” diýip, TDH döwlet baştutanynyň sözlerini sitirledi.

Resmi metbugatyň habaryna görä, prezident bu barada Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurduň “bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna” ugradan gutlag hatynda belledi.

Döwlet baştutanynyň çykyşy, ýurduň dürli künjeginde, şol sanda Balkanda orta mekdeplerde tomusky dynç alşyň başlamagy bilen, köpçülik ýerlerinde gazanç we dilegçilik edýän çagalaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat geldi.

"Bu ýerler dilegçi çagalardan doldy"Balkanabat şäherinde bolsa, häkimiýetler Çagalary goramagyň halkara gününe bir gün galanda, ýagny 31-nji maýdan başlap bu çagalara garşy giň gerimli reýd geçirdiler.

“Reýdler şäheriň Daýhan bazarynyň, 5-nji bazaryň, Kämil marketiň, şeýle-de dermanhanalaryň, awtomenziliň, demir ýol wokzalynyň içinde we töwereginde geçirildi. Sebäbi bu tomusky dynç alyş başlan badyna bu ýerler dilegçi çagalardan doldy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Onlarça polisiýa işgäriniň gatnaşmagynda geçirilen reýdler 1-nji iýunda günortana çenli dowam etdi. Ownuk söwda edýän, araba sürýän ýa-da dilegçilik edýän çagalaryň ene-atalaryna, hossarlaryna 200 manada çenli jerime salyndy.

Bu maglumaty sebitiň polisiýa bölümindäki bir çeşmämiz hem tassyklap, 31-nji maýda Balkanabadyň diňe bir bazarynda 100-den gowrak çaganyň saklanandygyny aýtdy.

“Olar diňe göze düşen çagalar bolup, satyjylara kömekleşip, günlük 10-20 manat üçin agyr işlerde zähmet çekýän çagalar hem bar. Köp çaganyň, hususan-da, obalardaky çagalaryň durmuş şertleri gaty agyr, olar tas açlykda diýen ýaly ýaşaýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

"Oturgyjynyň ýumşak bolmagy üçin..."Balkanabatly ýaşaýjylaryň ençemesi “netijesiz döwlet syýasatynyň, şol sanda yzygiderli amal edilýän täze gurluşyklaryň” halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrman, gaýta erbetleşmegine, dilegçi çagalaryň köpelmegine getirendigini aýdýarlar.

Olar häzirki wagtda bolsa, hökümetiň ýurtda, hamana, çaga zähmeti gadagan, şeýle-de çaga dilegçileri ýok ýaly edip görkezmäge synanyşýandygyna ünsi çekýärler.

“Hakykatda häzir 12 ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda zibilden plastik, karton gözlemäge, agyr arabalary sürmäge ýa-da dilegçilik etmäge mätäçleri gaty kän. Sebäbi olaryň ene-atasy ýarawsyz ýa-da işsiz. Ýurtdaky baýlyklar halkyň bähbidine harçlanman, ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň oturgyjynyň ýumşak bolmagy üçin harçlanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýene bri ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Indi 10 ýyl çemesi wagt bäri maliýe-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Köp türkmenistanly aýlyklaryň azlygyny, olaryň azyga zordan ýetýändigini aýdyp gelýär.

Munuň bilen bir wagtda, habarçylarymyz güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şol sanda öýsüz adamlaryň, şeýle-de gazanç we dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalaryň köpelendigi barada maglumat berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki resmi media bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda polisiýanyň 16 ýaşa ýetmedik ýetginjeklere garşy jerime ýazmak çäreleri güýçlendi
Türkmenistanda polisiýanyň 16 ýaşa ýetmedik ýetginjeklere garşy jerime ýazmak çäreleri güýçlendi
Çagasy bolmadyk erkekleriň arasynda önelgelik barlagyndan geçmäge isleg artýar
Balkanda güýçli ýagyşdan soň, köçeleri we dükanlary ýagyn suwlary basdy
Mekdeplerde okuw kitaplary ýygnalýar, mugallymlar prezidentiň suratynyň 'abatlygyny' barlaýarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi