Balkanda polisiýa işgärleri çagalaryň ýaremezan aýtmagyna böwet boldy’

Balkanda polisiýa işgärleri çagalaryň ýaremezan aýtmagyna böwet boldy’

Geçen hepdede Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bu ýyl çagalar bilen bir hatarda uly ýaşly adamlaryň hem, oraza aýynyň öňüsyrasynda, ýaremezan aýdyp, sadaka soraýandyklaryny habar berenden soňra, polisiýa işgärleri şäherde çagalaryň ýaremezan aýdymyny aýtmagyna böwet bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

“Polisiýa işgärleri 10-njy martda Türkmenbaşy şäherindäki bir metjidiň töwereginde ýaremezan aýdýan çagalary saklap, olaryň ene-atalaryna berk çäre gördi. Mekdep müdirleri okuwçylara ýaremezan aýtmazlygy ündeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli ýaşaýjyny sitirleýär.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary bu ýyl günbatar sebitde çagalaryň ýaremezan aýtmak däplerine 10 gün çemesi öň girişendiklerini habar berdi. Geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl Remezan aýynyň başlamagy Türkmenbaşy şäherinde käbir uly ýaşly adamlaryň, serhoşlaryň hem öýlere, dükanlara aýlanyp adamlardan pul ýa-da sadaka soramagy bilen ýatda galdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň uly adamlary hem ýaremezan aýtmaga iterýändigini habar berýärler.

10-njy martda agşam Balkanyň metjitlerinde ýylyň ilkinji tarawa namazy okaldy. Azatlygyň habarçylary Türkmenbaşy şäherindäki bir din wekiline salgylanyp, Remezan aýynyň öňüsyrasynda onlarça din wekiliniň aýyň dowamynda dükanlarda spirtli içgileriň hem-de doňuz etiniň söwdasynyň bir aý möhlet bilen ýatyrylmagy boýunça ýerli häkimiýetlere arza bilen ýüz tutandyklaryny habar berýärler. Ýöne ýerli häkimiýetler bu haýyşlary kanagatlandyrmandyr.

“Etraplaryň din işgärleri we oba metjitleriniň ymamlary ýerli ilatyň din sowatlylygyna alada bildirýärler. Olar özleriniň jemlenişip, welaýat häkimligine ýazan arzalarynyň hem kanagatlandyrylmandygyny aýdýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle haýyşnama bilen häkimlige ýüz tutan 30-a golaý din wekili ýerli howpsuzlyk edaralary tarapyndan soraga çekilipdir.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkanyň welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, Mary welaýatyndaky habarçymyz bu ýyl sebitde çagalaryň ýaremezan aýtmak däplerini berjaý etmäge iki-üç gün öňünden girişendigini habar berdi.

“Agyz beklenilmeginiň öňüsyrasynda däp bolan ýaremezan aýtmak däbi 8-nji martda başlanyp, 10-njy marta çenli dowam etdi. Çagalar ellerine guty ýa-da paket alyp, öýme-öý aýlanyp sowgat çöpleýärler. Çagalar bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Köp sanly obalarda çagalar eýýäm 7-nji martda ýaremezan aýdyp başladylar. Çagalaryň bir gün öňünden ýaremezan aýtmaga başlamagy adamlary geň galdyrdy.Käbir hojalyklar çagalara süýji-köke berip goýberdiler, käbirleri bolsa entek ýaremezan başlamady’ diýip, öýlerine baran çagalary kowup goýberdiler” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Marynyň obalarynda ýaremezan aýdýan çagalaryň ençemesi öz hojalyklarynda süýji-kökeleriň ýygy-ýygydan sarp edilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, habarçylarymyz köp sanly hojalykda süýji-köke bolmansoň, olaryň “ýaremezançy” çagalara bir çöregi birnäçe bölege bölüp, paýlap berýändiklerini habar berýärler.

Şäher ýerlerinde ýaremezan aýdýan çagalar dükanlara-da aýlanýarlar. Oraza aýyny buşlaýan çagalara sakgyç, arzan süýjüler, patrak, keks ýa-da on teňňe möçberinde pul sowgady berilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy maglumat berdi.

Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýy her ýyl aý senenamasyna görä kesgitlenýär we agyz beklemek däbi bu ýyl 11-nji martda irden başlandy.

Döwlet telewideniýesi Remezan aýynyň öňüsyrasynda ýaremezan aýdýan çagalar barada wideo reportažlary taýýarlaýar. GDA giňişliginde bolup geçýän wakalar barada habar berýän “Mir 24” telekanaly hem bu ýyl ýaramezan aýdýan türkmen çagalary barada wideo reportažlary efire berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
Diňle: Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
“11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy başlady
​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi