Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär

Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär

Balkan welaýatynyň metjitlerinde, göçme çadyrlarda we gonamçylyklarda Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi, prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowynyň hatyrasyna anna agşamy’ sadakalary berilýär. Ýerli resmiler welaýat häkiminiň dilden beren tabşyrygy esasynda býujet işgärlerinden 40 manatdan pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Merhumy hatyralap, 21-nji aprelde welaýat boýunça 12 sany metjitde, Türkmenbaşydaky hossarsyz çagalaryň we maýyplaryň mekdep-internatlarynda, üç sany gonamyçylygyň sadaka jaýlarynda sadakalar berilýär.

Sadaka çäreleriniň çykdajylary býujet işgärleriniň we telekeçileriň üstüne ýüklendi, munuň üçin, döwlet edara-kärhanalarynyň her bir işgärinden 40 manatdan mejbury pul toplanýar.

Çäreleriň guramaçylyk işleri ýerli häkimlikleriň işgärlerine, din wekillerine we medeniýet işgärlerine tabşyryldy.

“Ýöne käbir býujet işgärleriniň öz merhum ejelerini hatyralap, sadaka bermäge ýagdaýy ýok. Olaryň gün-güzerany agyr” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, balkanly ýaşaýjylar mejbury sadakalaryň getirjek sogabyny’ sorag astyna alýarlar. Bir ýerli ýaşaýjy “mejbury sadakalaryň sogaby” bilen gyzyklanyp, Türkmenbaşynyň şäher metjidiniň bir din işgärine sorag bilen ýüzlenipdir.

“Inim, biz näme edeli!? Häkim bermeli’ diýdi. Biz pul ýygnadyk” diýip, din işgäri ýerli ýaşaýjynyň soragyny kanagatlandyrmandyr.

Sadaka çärelerini geçirmek üçin, bir topar goýun, günebakar ýagy, tüwi, çörek we süýji-köke ýaly azyk harytlary satyn alnypdyr.

Býujet işgärleri hatyra çärelerini “ýaranjaňlyk” atlandyryp, ýerli häkimleriň döwlet ýolbaşçylaryna “ýaranmak synanyşyklary” häsiýetlendirýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa 7-nji aprelde 86 ýaşda aradan çykdy.

Munuň yz ýany, ýurduň metjitlerinde din wekilleri merhumyň hormatyna aýat-töwir okamak we Gurhan kitabyny hatm etmek bilen borçlandyryldy.

Turkmen.news neşiri Mary welaýatynda öýüne molla çagyrýan adamlara prezidentiň enesini hem ýatlamagyň tabşyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 18-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Abyl Işan gonamçylygynyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum ene-atasynyň hormatyna berlen agzaçar sadakalaryny görkezdi.

Öňki prezidentiň kakasy, Içeri işler ministrliginiň öňki işgäri Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde 88 ýaşda aradan çykdy.

Prezidentiň enesiniň ölüm habarynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar özlerine mejbury ýas tutdurulýandygyny gürrüň berdiler. Balkanda durmuş toýlary bir hepde töweregi möhlet bilen yza süýşürildi.

“Býujet işgärleriniň ujypsyz aýlyklary bar. Ol hem aýyň başynda sowlup gutarýar. Öňümizdäki anna agşamyna’ pul tapman, 40 manady hem karz alyp beren adamlar boldy. Resmileriň soran puluny hökmany suratda tapyp bermeli, pul bermedikler ýa-da garşy çykýan adamlar işden kowulýar” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenlerde anna gününden öňki penşenbe gününiň agşamynda we anna gününiň dowamynda öten-geçenleri ýatlap berilýän sadakalara anna agşamy’ diýilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen metbugatynda “mili gymmatlyklaryň döwrebap derejede ösdürilmegine goşant goşan şahsyýet” hökmünde wagyz edilýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyndan ölüminden soň, 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň fewralynda “ýaşlara ýol bermegi” makul hasaplaýandygyny aýdyp, prezident wezipesini 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirdi. Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Owganystanda ynsanperwerlik çäresini geçirdi
Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi
Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar
Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar