
Balkan welaýatynyň ençeme edara-kärhanasynda işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmegi gijikdirilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Pensiýalar, kömek pullary, şeýle-de, harby, saglyk, bilim, transport, aragatnaşyk pudaklarynyň, Jemagat hojalygy müdirliginiň, polisiýanyň we häkimligiň işgärleriniň aýlyklary iki hepde gowrak wagt bäri gijikdirilýär” diýip, ýerli häkimlikleriň birindäki çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.
Balkanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, adatça sebitde aýlyk zähmet we pensiýa haklary, döwlet kömek pullary her aýyň ilkinji bäş gününiň dowamynda raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilýär.
“Ýöne Balkanabat şäherinde häzir, 18-nji sentýabrda günortan sagat 13:00-a çenli aýlyk ýa-da pensiýa alan adam ýok. Diňe Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we kazylaryň aýlyk zähmet haklary geçirildi. Olaryň aýlyklary 10-njy sentýabrda bank hasaplaryna geldi” diýip, çeşmämiz belledi.
"Ýüzläp jaň gelýär, ýüzläp şikaýat edilýär"Soňky birnäçe günüň dowamynda raýatlaryň, şol sanda býujet işgärleriniň we pensionerleriň ençemesi edara ýolbaşçylaryna, banklara we pensiýa gaznalaryna yzygiderli ýüz tutýarlar we aýlyklarynyň, pensiýalarynyň näme sebäpden geçirilmeýändigini anyklamaga çalyşýarlar.
“Ýöne bu edaralarda raýatlara anyk düşündiriş berilmeýär. Edara ýolbaşçylary we bank işgärleri aýyň 20-den soň geçiriljekdigini wada bermek bilen çäklenýärler” diýip, balkanly lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýy Balkanyň döwlete degişli maliýe pudagynyň bir hünärmeni hem tassyklaýar. Şol bir wagtda, ol aýlyk we pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň 20-nji sentýabrdan soň geçiriljekdiginiň ýa-da geçirilmejekdiginiň heniz anyk belli däldigini hem belleýär.
“Merkezi bankyň maliýe pudagyna her gün ýüzläp jaň gelýär, ýüzläp şikaýat edilýär.Olar aýlyk, pensiýa haçan geçýär diýip soraýarlar.Biz ulgamda näsazlyk ýüze çykandygyny bahana edip, 20-nji sentýabrdan soň geçer diýýäris.
Sebäbi bize hem ýokardan, Aşgabatdan berlen jogap şu bolup, olar hem bize “garaşyň” diýen jogaby berýärler. Ýene iki günden 20-nji sentýabr bolar we şonda göreris” diýip, maliýe hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.
Kartlary zamun goýmak, gyzyllary satmakAzatlygyň bu ýagdaýlar barada ýurduň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanabadyň häkimliginden telefon arkaly teswir almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu ýagdaý, aýdan-aýa zordan gün görýän köp raýata, şol sanda pensionerlere we döwlet kömek puluny alýanlara juda oňaýsyz täsir edýär. Pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi gijikme sebäpli zerur bolan dermanlary satyn alyp bilmän kösenýändiklerini aýdýar.
“Käbir adamlar özleriniň zähmet ýa pensiýa haklary gelýän bank kartlaryny zamun goýup, zerur bolan dermanlary, esasy azyk önümlerini satyn alýarlar. Käbir adamlar bolsa, nikada alan gyzyllary bar bolsa, şolary satyp gün görmäge çalyşýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly dükan eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky ýyllarda raýatlaryň aýlyk we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar.
"Giň gerime eýe bolmandy"Ýöne sebitdäki habarçymyz mundan ozal şeýle ýagdaýlaryň diňe käbir pudaklarda bolandygyny belläp, häzirki ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandygyny belleýär.
Bu ýagdaýy maliýe hünärmeni hem tassyklap, hususan-da, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmeginiň bu dereje giň gerime eýe bolmandygyny aýdýar.
“Hat-da bank işgärleriniň hem iş haklary geçirilmedi. Býujetde pul ýok. Şu sebäpli häzir Merkezi banky şahamçalary, has takygy girdeji kassalary kommunal töleglerden, köçe-ýol jerimelerinden, hususy söwda terminallaryndan gelýän girdejileri köpeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar” diýip, maliýe hünärmeni aýtdy.
Balkanda zähmet haklarynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar geçen ýylyň noýabrynda hem ýüze çykypdy. Şonda gijikdirme edara-kärhanalaryň, şol sanda hojalyk we transport hyzmatlary kärhanalarynyň ençemesini öz içine alypdy we işgärleriň aýlyk zähmet haklary dört aýlap tölenmändi. Aýlyklary gijikdirilýän işgärleriň ençemesi gijikdirme sebäpli köp işgäriň öz islegi bilen işden çykyp başlandygyny hem gürrüň beripdi.
Ýangyç serişdelerine baý we onuň halkara söwdasyndan milliardlarça dollar girdeji gazanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada ne aç-açan beýanat çap edýär, ne-de mesele gozgaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.