Balkanda taksi sürüjileriň arasynda işden çykýan köpeldi

Balkanda taksi sürüjileriň arasynda işden çykýan köpeldi

Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylary jemgyýetçilik ulag gatnawynyň ýaramazlaşandygyny, taksi tapmagyň hem kynlaşandygyny aýdýarka, sürüjiler köpçülikleýin işden çykýarlar.

Şäherleriň awtobus we taksi sürüjileriniň ýarysyndan köpüsi işden çykdy diýip, balkanly çeşme gürrüň berdi. Türkmenbaşyly çeşmeler hem öz şäherinde ýagdaýyň şuňa meňzeşdigini aýdýarlar.

"Türkmenbaşy taksi parkynda jemi 100 ýeňil ulag bolup, häzir olardan bary-ýogy 10 sany taksi hereket edýär. Galanlary parkyň garažlarynda sürüji bolmansoň tozan basyp dur" diýip, türkmenbaşyly sürüji 20-nji noýabrda gürrüň berdi.

Balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, sürüjileriň köpçülikleýin işden çekilmegi geçen ýyldan bäri dowam edýär, emma soňky aýlarda has-da göze ilýär. Muňa taksi sürüjilerden talap edilýän planyň örän ýokary bolmagy sebäp bolýar. Sürüjiler hem plany dolup bilmeýärler, hem-de gazançsyz galýarlar.

"Taksi plany ýokary, her gün 8 sagatlyk iş gününe 350 manat plan tabşyrmaly etdiler. Häzir dynç alyş möwsümi däl. Awaza gelýän adam hem ýok, ýöne resmiler dynç alyş möwsüminde ýokarlandyran planyny aşaklatman, taksi sürüjilerinden talap edýärler" diýip, balkanly sürüji aýdýar.

Ýurduň beýleki welaýatlarynda taksi sürüjileriň gündelik plany 250 manat diýip, sürüji belleýär.

Sürüjileriň sözlerine görä, planyň şeýle ýokary bolmagy sürüjini diňe plany dolmak üçin işlemäge mejbur edýär.

"Şäher içinde ýol kireýi 3 manat. Galyberse işsizlik sebäpli hususy ulaglarynda gazanç edýänler hem şäherde doly. Bizem irden agşama çenli işläp, benzinden daşary 50 manat gazanyp bilsek, telpegimi göge atýaryn. Hut şu sebäpden soňky 3 aýda taksi sürüjileri döwlet planyny ýerine ýetirip bilmän işden gidýärler" diýip, türkmenbaşyly sürüji aýtdy.

Bu ýagdaýda şäheriň taksi hyzmatlaryny teklip edýän esasy edarasynyň awtoulaglaryny sürmäge isleg bildirýän sürüjileriň sany azalýar, käbir ulaglar etraplara paýlanýar diýip, ýene bir sürüji gürüň berdi.

"Mundan bir ýarym ýyl ozal Türkmenbaşy taksi parkynda 150 töweregi taksi ulaglary bardy. Ýeňil ulaglaryň 50-den gowragynyň reňki sary bolandygy üçin olar Gyzylarbat, Bereket. Magtymguly we beýleki etraplara paýlandy" diýip, bu edaradaky ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler şäherde gündiz 5 sany taksi we gijeki smenada 5 sany taksi şäherde hereket edýär.

Bu aralykda balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, jemgyýetçilik transporty hem şu günler örän gowşak gatnaýar. Türkmenbaşyda gatnaýan awtobuslaryň we minibuslaryň sany azalypdyr.

"Şäheriň awtobus gatnawlary örän çäkli. Awaza 7 belgili bir awtobus günüň dowamynda 2 sapar gatnaýar, irden we agşam. Demir ýol bilen howa menziliniň aralygynda gatnaýan 8 belgili awtobus hem 1 aý bäri sürüjileriň ýokdugy sebäpli gatnawyny togtatdy" diýip, türkmenbaşyly çeşme habar berdi.

Sosial mediada Türkmenbaşyda we Balkanabatda awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýan bildirişleri görse bolýar. Emma bu şäherlerde işleýän ýa-da işini terk eden sürüjiler IMO-da we TikTok-da köp ýerleşdirilýän şeýle bildirişlere ýagdaýdan habarly adamlaryň gyzyklanma bildirmeýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda şäherleriň transport parkynyň täze awtoulaglar bilen üpjün edilýändigi barada wagtal-wagtal habar berilýär, emma kemçilikler düýpden agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär
Ýaremezançy çagalar öýlere we hususy dükanlara aýlanýar, käbir satyjylar möhleti geçen önümleri berýär
Türkmenistanda TikTok-da çykyş edýänler soraga çekilýär
Lebap we Ahal welaýatlarynda soňky bir aýda ýiten çagalar barada 'birnäçe hadysa hasaba alyndy'
'Umra zyýaratyny' hödürleýän bildirişlerden aldanýan köpelýär
Türkmenistan ukrain telekanalynyň we rus resmisiniň ýurduň ýapyklygyny agzamagyna protest bildirdi