Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady

Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady

Balkan we Mary welaýatlarynda soňky üç gün bäri dyngysyz ýagan ýagyş ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirip, ilatyň elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli we köpçülikleýin kesilmegine getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji aprelde Balkan we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“12-13-14-nji aprelde ýagan güýçli ýagyş şäher durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirdi. Elektrigiň kesilmegi we beýleki komunal bökdençlikler dowam edýär” diýip, Balkandaky habarçymyz aýtdy.

Güýçli ýagyş daýhanlara, hususan-da, pagtaçy kärendeçilere agyr zarba urdy. Habarçymyz ýakynda pagta ekişini tamamlan kärendeçileriň 50 göteriminiň ekin meýdanlarynyň ýagyş suwunyň aşagynda galandygyny aýdýar.

Kärendeçileriň ençemesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda şu ýyl pagta ekişini tapgyr üçünji gezek gaýtadan amal etmeli boljakdyklaryny belläp, ýylyň ahyryna bergili çykjakdyklaryna ynanýandyklaryny aýdýar.

“Gyzylarbat etrabynyň Zaw, Paraw we Tutly daýhan birleşiklerinde birinji ekişden soň ýagyş ýagyp, pagta meýdanlaryny zaýalandan soň, 10-njy aprelde ikinji sapar gaýtadan pagta eken daýhanlar indi şu günlerde ýagan ýagyşdan soň, üçünji gezek ekiş geçirmäge mejbur bolýarlar” diýip, gyzylarbatly kärendeçi daýhan anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda döwlet daýhanlary tebigy hadysalardan ätiýaçlandyrmaýar. Şol sebäpli tebigy hadysalaryň, şol sanda ýagşyň ýetiren zyýany kärendeçi daýhanlaryň üstüne ýüklenýär.

“Ýerli resmiler howa maglumatlary gullugy bilen utgaşykly iş alyp barmagyň deregine, pagtaçy kärendeçileri pagta ekişini geçirmäge gyssadylar. Olar daýhanlaryň aladasyny etmeýärler, olara ekiş geçirildi diýip, prezidente hasabat berseler bolany” diýip, gyzylarbatly daýhan belledi.

Marynyň käbir sebitlerinde-de, üç günläp dyngysyz ýagan ýagyş ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Şeýle-de, sebitiň käbir etraplarynda we obalarynda elektrik üpjünçiligi köpçülikleýin kesildi.

“Türkmengala etrabynyň Gatlaly we Magtymguly geňeşlikleriniň ýaşaýjylary uzakly gün we gije toksuz galdylar. Beýleki geňeşliklerde hem wagtal-wagtal tok kesilip durýar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde 15-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýagyş geňeşlikleriň we obalaryň, habarçymyzyň aýtmagyna görä, ýyllarboýy ünsden düşürilýän we abatlanmaýan köçelerinde palçygyň we batgalyklaryň döremegine getirdi. Bu ýagdaý oba ýaşaýjylaryna, hususan-da, çagalar baglaryna we mekdeplere gatnaýan çagalara dürli kynçylyklary döretdi.

“Asfaltsyz köçeler palçykdan doldy. Çagalarymyz mekdebe gidende we mekdepden gelende, eginbaşlary palçyk bolýar. Olaryň käbiri ýolda taýyp ýykylýarlar. Elektrik bolmansoň, olaryň eginbaşlaryny wagtynda ýuwup, guradyp hem bolmaýar. Ene-atalaryň çagalaryny mekdepden we çagalar baglaryndan alyp galmagy bilen bagly ýagdaýlar köp bolýar” diýip, türkmengalaly bir ene anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Balkanyň we Marynyň häkimiýetlerinden, şeýle-de elektrik edaralaryndan we oba hojalygy bölümlerinden teswir alyp bilmedi.

Döwlet mediasy bu ýagyş we onuň getiren oňaýsyz netijeleri barada habar bermedi.

Bu howa hadysasy barada Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýagyşlara garaşylýandygy barada 10-njy aprelde habar berdi.

11-12-nji aprelde Türkmenistanyň Köpetdag daglyklarynda we dag eteklerinde, günorta-günbatarynda we 12-13-nji aprelde ýurduň aşa günorta-gündogarynda ýagyş ýagmagyna, käte güýçli ýagyşlara garaşylýar diýip, neşir belläpdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda bolýan adatdan daşary ýa-da amatsyz howa hadysalary barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan maslahat
Türkmençilik näme ýa-da däp-dessurlar nädip propagandanyň esasy guralyna öwrüldi?
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK DÖREDIJI STRATEGIÝANY IŞJEŇ DURMUŞA GEÇIRÝÄR
Sahnada Gilgameş atly spektakly
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy