Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi

Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitinde ýangyç gytçylygy ýene ýitileşdi. Balkan welaýatynda emele gelen dizel gytçylygy bu gezek Türkmenistana gelýän ýa-da ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna ýiti täsir etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 19-njy sentýabrda sebitden maglumat berdiler.

“Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, Akdaş şäherçesindäki 75 belgiligi ýangyç bekediniň ýanynda 100-e golaý daşary ýurt, şol sanda rus we gazak ýük ulagy hatara düzüldi. Garabogaz (öňki Bekdaş) gümrük nokadyndan geçip, ýurduň çägine gelen bu ulaglar dizel ýetmezçiligi sebäpli iki günläp garaşmaly boldular” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýük ulag sürüjileriniň ençemesi özleriniň azyndan iki iş gününi ýitirendiklerini aýdyp, bekediň ýolbaşçysyna protest hem bildirdi.

Ýagdaýlardan habarly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, bu nägilelikden soň, 17-nji sentýabrda ulaglaryň sürüjilerine, meseläniň çözgüdi üçin, öz ýurtlarynyň Aşgabatdaky ilçihanalary bilen habarlaşmak maslahat berildi.

“Sürüjilere ilçihanalaryň türkmen nebitgaz ýolbaşçylaryna haýyş bilen ýüzlenmelidigi, şondan soňra her bir ulaga 0,8 tonna dizel almaga rugsat beriljekdigi aýdyldy” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Bu wakadan soň, 19-njy sentýabrda irden daşary ýurt ýük ulaglarynyň sürüjileri dizel ýangyjy bilen üpjün edilip başlandy.

Çeşmämiz duşenbe güni, ýagny 18-nji sentýabrda bekediň başlygynyň wezipeden boşadylandygyny, häkimligiň ony wagtynda ýagdaýy düşündirmezlikde aýyplandygyny hem aýtdy.

“Etrap häkimligi tarapyndan ýangyç guýýan bekede ýörite işgärleriň topary iberildi. Şu günden başlap bekediň işgärlerine ýangyç guýujy kalonkalaryň ýanyna barmak hem gadagan edildi. Şeýle-de, bu beketde häzirlikçe dizel ýangyjyny diňe daşary ýurt ýük ulaglaryna satmaly edildi” diýip, çeşmämiz belledi.

Häkimiýetler dizel gytçylygy bilen bagly dörän bu ýagdaý we onuň sebäpleri barada sürüjilere aç-açan düşündiriş bermediler. Azatlyk bu aýdylanlar barada etrap häkimliginden we “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden kommentariý hem alyp bilmedi.

Ýöne habarçymyz sebitiň beketlerinde dizel ýangyjynyň gytçylygy bilen bagly ýagdaýyň indi tas üç ýyl bäri dowam edýändigini, şol bir wagtda, bu ýangyjy gara bazarda aç-açan we ýeňillik bilen satyn alyp bolýandygyny hem habar berýär.

“Türkmenbaşyda sürüjiler gara bazardan 50 litr dizeli 150 manada satyn alýarlar. Arkasy bar adamlaryň ýakynlary tarapyndan satylýan bu dizel ýangyjy hatda hojalyklara eltilip hem berilýär. Olar her 100 litr üçin goşmaça 40 manat ýol puly alýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Türkmenbaşyda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýerleşýär. Häkimiýetler bu toplumyň nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridigini we onuň öndürýän nebit we nebithimiýa önümleriniň Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýändigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, bu toplumyň ýerleşýän sebitinde we ýangyja baý Türkmenistanda ýangyç gytçylygy birnäçe ýyl bäri saklanyp galýar. Bu gytçylyk wagtal-wagtal güýçlenýär.

Şu aýyň başynda habarçymyz Türkmenbaşynyň, Balkanabadyň we Gyzylarbadyň benzin beketlerinde awtoulag ýangyjynyň tas ýokdugyny habar berdi. Munuň bilen bir wagtda ýangyç beketlerinde ýüzlerçe awtoulagyň nobatlary emele geldi.

Iýulda Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde A-80 kysymly awtoulag benzininiň satuwy bes edilipdi. Şonda sebitdäki habarçymyz "ECO-93" kysymly awtobenziniň hem bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny aýdypdy.

Türkmenistanyň mediasy umumy bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada her aýda birnäçe gezek habar berýär.

Ýöne häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygyny hem-de onuň sebäplerini resmi derejede agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda we Maryda 1-nji synpa baran okuwçylaryň sany geçen ýyldakydan tas 50% az boldy
Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide döwlet we hususy kärhanalaryň gazananlary görkezilýär
Hormatly ýolagçylar!
Türkmenbaşyda ilat dört gün bäri suwsuz kösenýär. Prezident Günüň aşa gyzmagynyň ýaramaz täsirlerini duýdurdy
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji